Ï Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

view-icon 872
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisi öz işine başlady. Ol iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň öňe ilerlemegine, köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam berer.

Ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Ykdysadyýet minitsrliginiň bilelikde guramagynda “Meridyen Uluslararasy Fuarçilik” türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Häzirki döwründe Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň we döwlet ösüşine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan türk işewürleri geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny barha pugtalandyrýarlar. Häzirki döwürde Türkiýäniň kompaniýalarynyň 600-den gowragy türkmen hyzmatdaşlary bilen iş alyp barýarlar. Olar elektroenergetika, nebitgaz, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, dokma senagatynda, oba hojalygynda birnäçe bilelikdäki taslamalary amala aşyrdylar we bu ugurda işlemeklerini dowam edýärler. Häzirki zaman syýahatçylyk düzüminiň döredilmegi we şypahana-dynç alyş ulgamynyň kemala getirilmegi, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly wezipeler bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylyň awgustynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň gurluşygy milli we sebit gyzyklanmalary nazara almak bilen uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr.



Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikler gazanýan Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden çekilmegine, netijeli we tygşytly serişdeleriň ulanylmagyna, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Munuň özi ýurdumyzda dürli görnüşli ýöriteleşdirilen sergileriň, işewürlik maslahatlaryň, şol sanda gurluşyk ulgamyna we gurluşyk serişdeleri senagatyna, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergileriň yzygiderli guralmagyny şertlendirýär.

Bu gezekki geçirilýän sergä Türkiýäniň önüm öndüriji kompaniýalarynyň we firmalarynyň 90-dan gowragy özleriniň senagat kuwwatlyklaryny we eksport mümkinçiliklerini hödürleýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertlerden peýdalanmagy ugur edinýän täze kompaniýalaryň 50-den gowragy bar.

Türkmen paýtagtynda geçirilýän sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Nihat Zeýbekçiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Serginiň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar we myhmanlar paýtagtymyzyň çeperçilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň serginiň myhmanlaryna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz Türkiýäniň ykdysadyýetinde durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler, şol sanda ýokary tehnologiýalar esasynda senagatyň ösdürilmeginiň, maýa goýum we işewürlik ulgamyndaky özgertmeleriň has-da bellenmäge mynasypdygy aýdylýar. Döwlet Baştutanymyz bu gezekki serginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, söwda ulgamynda türkmen-türk telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, Türkiýäniň kompaniýalary we maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny giňden çekmek babatda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Türkiýe Resupblikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Nihat Zeýbekçi türkmen-türk ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu gezekki serginiň türkiýeli önüm öndürijileriň eksport kuwwatyna göz ýetirmäge, türkmen ykdysadyýetiniň ugurlaryny öwrenmäge, sazlaşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini nygtady.



Döwletara türkmen-türk gatnaşyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Bu asyrlaryň dowamynda dostluk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen baglanyşýan iki doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak esaslaryny üpjün edýär. Türkmenistan we Türkiýe köp asyrlyk asylly däplere ygrarly bolmak bilen, bilelikdäki işiň oňyn tejribelerini, ägirt uly serişde mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetiň gazananlaryny we geoykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýärler. 2013-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gülüň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwaty itergi berildi.

Gurluşyk serişdelerini we tehnikalary, suw arassalaýyş, ýyladyş ulgamlarynyň, elektroenergetika senagatynyň enjamlaryny, metal gurnamalary, durmuş tehnikalaryny we himiki serişdeleri, mebelleri, dokma önümlerini, kanselýar harytlaryny, azyk önümlerini, kosmetiki serişdeleri öndürmekde öňdebaryjy orunlary eýeleýän türk kompaniýalarynyň we firmalarynyň bölümleriniň möçberi bu gezekki seriginiň has-da ähmiýetli boljakdygyny aňladýar.

Sergä gatnaşýan önüm öndürijileriň hatarynda “Pakpen plastik buru”, “Em- ka çelik”, “Hilal alüminium” ýaly penjire, gapy öndüriji kompaniýalar, “Almetsan ýapi”, “Gçs metal çati” ýaly üçek önümlerini öndürijiler, metal gurnamalaryny we ýygnama desgalar üçin enjamlary, şol sanda “SNS Çelik”, “Assan panel”, “Dng Çelik” ýaly sport toplumlaryny we stadionlary gurýan kompaniýalar bar. Suw üpjünçiligi ulgamy, lagym we suwaryş desgalary üçin turbalary we enjamlary “Alfa-tek”, “Egerplast” ýaly kompaniýalary hödürleýärler. “ABS” we “Kumýapi aritma” kompaniýalary bolsa suw arassalaýyş we suw süzgüçleri ulgamlaryny hödürleýärler. Energetika senagatynda belent sepgitlere ýeten “Kusaý elektrik”, “Beta tranfarmator”, “Detaý imalat”, “Unal kablo”, “Nef power generator”, “Faz pano” ýaly kompaniýalar öz serişdelerini görkezýärler. “Has kauçuk” kompaniýasy bolsa ekologiýa taýdan arassa serişdelerden ýerüsti örtük harytlaryny görkezýär.

Hyzmatdaşlyk borçnamalary we ýörite önümçilik hem-de dürli maksatly desgalaryň gurluşygy üçin ugurdaş önümleri ugratmakda birleşdirilen kompaniýalaryň konsorsiumynyň hem öz önümlerini görkezýändigini bellemeli. Bu babatda elektroenergetika pudagy üçin ýörite enjamlary, şol sanda transformatorlary, gurnamalary, kabelleri, saraýjylary öndürýän kärhanalar toparyny özünde jemleýän “Deniz makina” konsorsiumyny görkezmek bolar.

Şeýle hem bu sergide gurluşyk pudagynda, bilim we sport desgalarynyň gurluşygynda, binalaryň toplumlaýyn enjamlaşdyrylmagynda uly isleg bildirilýän ýokary tehnologiýalaryň görkezilýändigini bellemeli.

Ösüp barýan ýaş nesiller üçin sport oýunlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly bölümde görkezilýän enjamlar köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek V Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly meseleler babatda türkiýeli hyzmatdaşlaryň bu teklipleri uly gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, sportuň ýokary gazananlaryny, köpçülikleýin bedenterbiýe, sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek paýtagtymyzda we welaýatlarda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän sport düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

“Itimat”, “Simfer”, “Naturel”, “Almond” kompaniýalarynyň görkezýän durmuş tehnikalary, aşhana, naharhana enjamlary, “Fany soft”, “Ýeşil ilgaz” ýaly kompaniýalaryň dürli görnüşli ýuwujy serişdeleri we beýleki önümleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. “Gülsan gida”, “Çaýkur”, “Ýonça” kompaniýalary gaplanan tagamlary we dürli çaýlary hödürleýärler.



Bu gezekki sergä Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysadyýetde bolşy ýaly, gumanitar ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýan türkmen-türk howa ulgamlarynyň we “TIKA” kompaniýasynyň wekilleriniň bardygyny bellemeli.

Şeýle hem serginiň çäklerinde türkiýeli hyzmatdaşlar gurluşyk harytlaryny, enjamlary, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri hödürlärler. Şunuň bilen baglylykda türkiýeli kompaniýalarynyň önümçilik mümkinçilikleri, täzelikleri we olaryň halkara bazarynda alyp barýan işleri boýunça bar bolan maglumatlaryndan ybarat bolan tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde biziň ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň wekilleri, hünärmenleri, telekeçiler özleriniň türkiýeli kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Sergi öz işini 13-nji fewrala çenli dowam eder.