Ï Köp görnüşli we ýokary hilli önümler: üstünligiň gözbaşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köp görnüşli we ýokary hilli önümler: üstünligiň gözbaşy

view-icon 769
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäklerinde işleýän “Dik aý” söwda nyşanly hususy bölümiň öndürýän et önümleri ýurduň demirgazyk sebtiniň şäherleriniň we etraplarynyň bazarlarynyň müşderileride uly gyzyklanma bildirilýär.

Sarp edijiler şöhlatlaryň: ýarym kakadylan – “Altyn şapak”, “Köýtendag”, “Gündogar”, “Gülzar”, “Awçy”, gaýnadylan - “Aşgabat”, “Älem”, “Güneşli”, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen taýýarlanan şöhlatçalar we sardelkalar önümleriniň tagamlary boýunça mynasyp baha berýärler. Olary taýýarlamagyň usullary Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi tarapyndan tassyklanandyr. Öndürilýän önümleriň ählisi, lomaý we bölekleýin satylýan önümleriň ählisi ygtyýarkandyrylandyr.

Häzirki zaman ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen husuy önümçilik bölümi indi iki ýyl bäri durnukly işläp gelýär. Bu gysga döwrüň içinde şöhlat önümleriniň on dört görnüşini öndürmek ýola goýuldy.

Önümçilik tehnologiýasynyň ählisi awtomatlaşdyrylandyr. Çig mal bilen üpjün etmek meselesi doly çözülendir. Gara mallar kärendeçilerden – maldarlardan we fermerlerden satyn alynýar. Bu günki gün “Dik aý” önümleriň görnüşlerini köpeltmek ugrunda iş alyp barýar, täze etden kakadylan we gaýnadylan şöhlat önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň tehnologiýasy özleşdirilýär.