Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkiýäniň “Meridyen Uluslararasy Fuarçilik” kompaniýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen sergisi öz işini tamamlady.
Her ýylda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergi özara peýdaly türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň ýolundaky nobatdaky ädimi alamatlandyrdy.
Türkiýeli hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelere bolan gyzyklanmalary, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga bolan islegleri Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşýan düzümleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagyny şertlendirýär. Üç gün dowam eden serginiň barşynda dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň netijesinde türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigini we köp ugurlar boýunça bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny knagatalanma bilen bellediler.
Ozal habar berlişi ýaly, serginiň işine gatnaşmak üçin, türkmen paýtagtyna Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Nihat Zeýbekçiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Onuň düzüminde iri önüm öndürijiler, enjamlary we tehnikalary getirijiler, innowasion serişdeleri we tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar bolan kompaniýalaryň hem-de şereketleriň 90-dan gowragynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň 200-e golaýy bar. Türkiýeli işewür toparlaryň Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, geljegi uly täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga bolan ýokary gyzyklanmalarynyň bardygy bellenildi. Şeýle hem serginiň işine Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň hem-de Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirilýändigi aýdyldy.
1600 inedördül metrden gowrak meýdany eýelän sergi giň möçberli we köpugurly boldy. Ol iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribeleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem forum türkmen we türk senagatçylarynyň, telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açdy.
Sergä gatnaşan kompaniýalaryň hatarynda gurluşyk, ýol-ulag, elektroenergetika pudaklary boýunça ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň netijesinde uly tejribe toplan “Pakpen plastik boru”, “Dng çelik”, “SNS Çelik”, “Assan panel”, “Ýükçi”, “Beta transformator”, “Unal kablo” ýaly öňden gelýän hyzmatdaş kompaniýalar bar.
Sergide görkezilen harytlaryň köpüsiniň Türkmenistana türk gurluşyk potratçylary we söwda agentlikleri bilen bir hatarda, geljegi uly türkmen bazaryna teklip bilen ilkinji gezek çykýan täze kompaniýalar tarapyndan görkezilýändigini bellemeli. Toplumlaýyn çözgütleri işläp taýýarlaýjy, önümçilik boýunça ýöriteleşdirilen, iri desgalar üçin metal gurnamalaryny ugradýan we oturdýan kompaniýalar bar. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady gurluşynyň möhüm wezipelerine laýyk gelýän we sport desgalary, howa menzilleri, söwda toplumlary üçin ýokary öndürijilikli gurluşyk tehnikalaryny, elektroenergetika enjamlaryny, suw üpjünçilik we ýyladyş ulgamlaryny ugradýan kompaniýalaryň önümleri sergide görkezildi. Şeýle kompaniýalaryň hatarynda “Almetsan Ýapi”, “Gçs metal çati”, “Hilal alüminium”, “Faz pano”, “Has kauçuk”, “Deniz nakina”, “Detaý imalat”, “Kusaý elektrik”, “Eltaş” ýaly energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary öndürýänler bar.
Sergide hakyky ýa-da gurnama serişdelerden mebel öndürýänleriň önümleri esasy orun eýeleýär. Edara binalary, mekdeplep, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary we ýatylýan otaglar, aşhanalar üçin agaçdan we plastikden edilen mebeller gözelligi, bezeg aýratynlyklary bilen ünsüňi çekýär. Mebel bölüminde “Arsima” we “Simko” ýaly kompaniýalar önümlerini hödürledi.
Durmuş tehnikasyny görkezýän bölümde “Işik”, “Simfer”, “Termikel”, “Itimat” önümlerini, şol sanda köp görnüşdi aşhana plitalaryny we howa arassalaýjy ulgamlary görkezdi.
Türkiýeli telekeçileriň eksport harytlarynyň bu gezekki sergisinde durmuşda ulanylýan elektrik enjamlary, kanselýar harytlary we çagalar üçin oýunlary görkezýän ulgamlar, himiýa senagatynyň önümleri, kosmetiki serişdeler, aşhana enjamlary, konserwirlenen önümler we süýjülikler, şol sanda çaýlaryň dürli görnüşleri, birnäçe şerbetli içgiler has-da görnükli ýerde goýlupdyr. Türkmenistanyň bazarynda ornuny berkitmäge we türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň köpüsi önümlerini we tehnologik çözgütlerini ilkinji gezek görkezýär. Olaryň hatarynda “Karatas kosmetik”, “Fani soft”, “Ýeşil ilgaz”, “Almoda”, “Pensan”, “Adel”, “Ýonça”, “Aroma”, “Gülsan gida”, “Çaýkur” ýaly kompaniýalar bar.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga we giňeltmäge bolan gyzyklanmalary ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen bolan ikitaraplaýyn duşuşyklarda has-da äşgär boldy. Şeýle hem Sergi köşgünde Türkiýäniň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen köpsanly işjeň gepleşikler geçirildi. Sergä gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy has-da beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklan, dürli önümçilik ugurlarynda tejribe alyşmak gatnaşyklaryny ýola goýmak barada aýtdylar Duşuşyklaryň barşynda geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşlydy we olaryň ýakyn geljekde täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esas boljakdygy we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigi şahadatnamalar bellenildi.
Serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara derejesindäki diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Serginiň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize bildirilen myhmansöýerlik we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine mynasyp goşant bolan serginiň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.