Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 728
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.

Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler we beýlekiler daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropleni, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýangyçlyk mazudy, yşyklandyryş üçin we tehniki işler üçin niýetlenen kerosini satyn aldylar. Şeýle hem, Owganystandan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. (“Türkmengaz” DK) Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasynyň bugdaý uny, nah ýüplük pagta süýümi satyldy. Satyn alyjy döwletler: Hytaý, Şweýsariýa, Gingapur, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy 60 million 531 müňden gowrak amerikan dollaryna deň boldy.

BAE-den, Türkiýeden, Ukrainadan we Azerbaýjandan gelen telekeçileri depozit manat serişdelerine umumy bahasy 6 million 561 müňden gowrak manada deň bolan sanly týunerleri, arassalanan pagta ýagyny, garaköli we saryja goýnuň we düýe ýüňüni, agardylan pagta süýümini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 76 müňden gowrak manada polipropileni satyn aldylar.