Ï Ulag geçelgelerini gurmakda Türkmenistanyň mümkinçiligi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag geçelgelerini gurmakda Türkmenistanyň mümkinçiligi artýar

view-icon 816
>“Diňe ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly, öz geljegine ynamly bolan döwlet şunuň ýaly taslamalary amala aşyrmaga ukyplydyr!”. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň maýynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasynda aýdan sözleri bu möhüm transkontinental demir ýolunyň gurluşygynyň häzirki tapgyrynda türkmen hünärmenleriniň artýan iş depginlerinde hem öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan iri halkara ulag – aragatnaşyk merkezi hökmünde dünýä tanalyp, onuň düzüminde Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen gurluşygyna başlanan, transkontinental diýip at alan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat ýoly “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň ähmiýetli bölegi bolup, ol sebitiň ähli ýurtlaryna uly ykdysady bähbidiň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň şertlerinde netijeli hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döreder.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň 2007-nji ýylda “Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen” demir ýoluny gurmak hakynda başlangyjy Tähranda Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň arasynda gol çekilen taryhy üçtaraplaýyn Ylalaşykda öz beýanyny tapdy. Milli Liderimiz taslamanyň zerurlygy we maksada laýyklygy barada aýtmak bilen, ulag ýollarynyň transmilli ulgamyny döretmek pikirinde çuňňur manynyň: millionlarça adamlaryň, diýmek, parahatçylygyň we ählumumy parahatçylygyň bähbidine hyzmat etmek manysynyň bardygyny belleýär.

2013-nji ýylyň maýynda bu halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmegi bu ägirt uly taslamany amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdylar. Şonda bellenilişi ýaly, bu demir ýoluň işläp başlamagy iki doganlyk ýurduň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş orunlarynyň, durmuş we senagat düzüminiň döredilmegine uly itergi bolup, uly möçberde daşary yurt maýasyny çeker. Bularyň hemmesi adamlaryň bähbidine hyzmat edip, olaryň abadançylygynyň artmagyna, durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Gazak sährasyndan Garagumyň üsti bilen Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýatyna uzalyp gidýän 900 kilometrlik demir ýoluň tutuş dowamynda häzirki wagtda giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Onuň 700 kilometre golaý bolan iň uzyn bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu ägirt uly halkara taslamasy amala aşyrylanda ýurdumyzyň demir ýol gurluşykçylarynyň toplan tejribesi örän zerur boldy. Olar ozal Tejen-Sarahs, Türkmenabat-Atamyrat we Aşgabat-Daşoguz demir ýollaryny gurmakda öz gujur-gaýratlaryny görkezdiler. Şeýlelikde, 2013-nji ýylda bu demir ýoluň uzynlygy 444 kilometre deň bolan Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka böleginde gurluşyk işleri tamamlandy. Täze ýoly gurmak boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirilip, onuň ugrunda inženerçilik desgalarynyň, demir ýol wokzallarynyň, depolaryň, stansiýalaryň we razýezdleriň, beýleki düzüm desgalarynyň onlarçasy guruldy.Şunuň bilen birlikde, Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan geçen ýyl uzunlygy 256,5 kilometr bolan Bereket-Etrek böleginiň gurluşyk-gurnama işlerine başlandy.

Häzir ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň işgärleriniň güýji bilen bu ýoluň günorta böleginde—Bereket şäherinden Etrek etrabynyň dolandyryş merkezine çenli 222 kilometrinde gurluşyk işleri ýerine ýetirildi. Şeýle hem bu ýoluň ugrunda “Däneata” , “Döwletýar”, “Bugdaýly”, “Balguýy”, “Madaw”, “Akjadepe”, “Etrek” demir ýol stansiýalarynda degişli düzümiň desgalarynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde demirýolçular üçin ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly beýleki desgalar bina edilýär. Olar aslynda ýöne bir menziller bolman, eýsem, döwrebap şäherçeler bolup, ýurdumyzyň günbatar welaýatyny ösdürmekde hem möhüm orun eýelär.

Diýmek, bu transmilli ulag geçelgesi öz halkara ähmiýetinden başga-da, Balkan welaýatynyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmakda goşmaça itergi bolar. Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň kemala gelmegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi bilen polat ýoluň ähmiýeti has-da artýar.

Şeýlelikde, bu ulag geçelgesiniň döredilmegini gadym döwürlerde Türkmenistanyň çäginden geçen we häzir gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly bilen deňeşdirmek bolar. Ol biziň ýurdumyza üstaşyr ýük daşamalaryndan uly ykdysady peýdany getirmekden başga-da, hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hyzmat eder.