Ï Çopanlaryň gyşky aladalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çopanlaryň gyşky aladalary

view-icon 1832
Şu ýylyň gyş paslynyň ilkibaşda maldarçylyk üçin oňaýly gelmegi, fewral aýynda onuň düýpgöter üýtgäp, aýazly we garly günlere öwrülmegi maldarlara mallaryň baş sanyny abat saklamak üçin belli bir kynçylyklary döretdi.

Şeýle-de bolsa, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Murgap sebtindäki maldarçylyk hojalyklarynda we husuay sürilerinde çopanlar mallary gyşdan abat alyp çykmak üçin gerek bolan zatlar bilen üpjün etmegi başardylar. Olar gyşyň aýazly we garly günlerine öňünden taýýarlyk gördüler. Olar mallary dok gyşlatmak üçin maý aýyndan oktýabr aýy aralygnda altmyş tonna golaý iümlik oty taýýar etdiler. Onuň takmynan ýaryragy iri baldakly otlardyr, galanlary bolsa ekilip ýetişdirilen hem-de tebigy otlardyr we konsentirlenen iýmdir. Ondan soňra hem maldarlar howanyň amatly günleri ot-iým taýýarlyk işlerini dowam etdirdiler. Bu bolsa ätiýaçlyk iýmini taýýarlamagyň göz öňünde tutulandakysyndan ep-esli köpdür.

Çopanlaryň mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin öňünden ýeterlik derejede alada etmekleri netijesinde mallar agyllarda saklanyldy, olaryň iýmitine bolsa ýokary ýokumly iýmler, sarun, şulha ýaly iýmler goşuldy.

Mary welaýaty iri maldarçylyk sebiti bolup durýar. Ýurtda bar bolan ownuk mallaryň üçden bir bölegi bu welaýatda idedilýär. Hususy maldarçylyk hojalyklaryny goşmak bilen, umuman welaýat boýunça dowarlaryň 4 million730 müň sanysy bardyr. Maldarçylyk welaýatyň ähli etraplarynda giňden ýaýranadyr. Olaryň iň irisi bolsa Serhetabat etraby bolup durýar. Bu etrapda dowarlaryň bir milliondan gowragy ýa-da Murgap sebtiniň mallarynyň dörtden bir bölegi idedilýär.