Suwy ýerlikli peýdalanmagyň däp-dessurlarynyň sintezi we öňdebaryjy işläp taýýarlamalar ýurduň suw hojalygyna milli ykdysadyýetiň, hususanda oba senagaty toplumynyň, düýpli esaslarynyň biri bolmagyna şert döredýär. Obalary we şäherleri suw bilen üpjün etmek bilen, miraplar ykdysadyýetiň çalt depinler bilen ösmegine şert döredýärler, möhüm durmuş wezipesini ýerine ýetirýärler. Türkmenistan gurak sebitde çäklendirilen sanly suw serişdlerine eýedir. Ýurudň hojalygara we melioratiw desgalaryň ählisi Türkmenistanyň Suw hojalyk minitrkiginiň düzmine degişlidir hem-de olar döwlet serişdeleriniň hasabyna saklanylýar. Şunlukda bu baýlyk ýokary derejede dolandyrylmalydyr.
Amyderýa, şeýle hem Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň akymlary, suw akymlary, ýerasty suwlar ýurduň esasy suw çeşmeleri bolup durýarlar. Häzirki wagtda Köpetdagyň eteklerinde kiçi suw howdanlary gurulýar. Bu bolsa dag ulgamynyň suw çeşmelerini netijelei ulanmaga şert döreder. Mundan hem başga şular ýaly kiçi suw howdanlary möwsümleýin sil akymlarynyň weýrançylygynyň öňüni alýar, olary gymmat bahaly serişdä öwürýär. Suw geçirmeýän geomembranalar bilen üpjün edile suw desgalarynyň gurluşygy giňden ulanylyp başlandy. Olardan Bagyr suw gowdanyny görkezmek bolar
Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň ulanyş müdirliginiň ulanyş bölüminiň müdiri Ýanow Paşiýewiň gürrüň berşi ýaly, miraplar iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler, suwaryşyň öňdebaryjy usullaryny, hususanda, häzirki wagtda has giňden ýaýran damjalaýyn we ýagyş görnüşlerini ulanarlar.Bu ulgamda suw hojalygynyň işgärleri eýýäm ýeterlik tejribe topladylar. Şular ýaly tehnoloiýalaryň peýdasy, ilkinji nobatda, olaryň suwy ýokary derjede tygşytlamaklaryydyr. Adaty ýerüsti suwaryş enjamlary bilen deňeşdirilende olar suwuň sarp edilşini epesi möçberde tygşytlaýarlar.
Iş tejribesiniň görkezişi ýaly, suwaryşyň ýagyş usuly ekiş tohumlary işlenilip taýýarlanylanda, möwsümleýin ekinler ekilende, meselem, biziň ýurdumyzyň oba hojalygynda esasy orun eýeleýän bugdaý ekilende has gerek bolup durýar. Ýa-da güýzlik bugdaýdan boşan ýerlere ekilýän aralyk ekinler ekilende gerek bolýar. Iri ýagyş ýagdyryjy enjamy bir gije-gündüziň dowamynda onlarça gektary suwarmak bilen, iki ýüz gektara çenli meýdana hyzmat etmäge mümkinçiligi bardyr.
Daşary ýurt obahojalykmaşyngurluşyk kompaniýalary türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler, olar bu ýerde özleriniň iň gowy tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny görkezmäge çalyşýarlar. Täze tehnikalary we enjamlary synagdan geçirmegiň iş tejribesi ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda işletmek üçin ýerli toprak we howa şertlerine uýgunlaşan maşynlary, mehanizmleri we enjamlary saýlap almaga mümkinçilik berýär.
Suwaryşyň ýagyş görnüşiniň ulanylmagy bu günki gün hünärmeler tarapyndan has geljegi uly bolan we suwaryşyň öňdebaryjy usuly hökmünde garalýar. Eýýäm hojalyklar, telekeçiler ony iş tejribesine işjeň ornaşdyrýarlar. Olary bu işleri amala aşyrmaga ýepilleşdirilen karz puluň berilmegi şert döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 6-njy martynda kabul eden “Ýurtda oba hojalyk ekinlerini öndürijileri maliýe tarapdan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda işlenilip taýýarlanan ýeňilleşdirilen karz pullaryny bermegiň täze düzgünleri geçen ýyl durmuşa geçirilip başlandy.
Karz pullaryny bermegiň şertleri amatly bolup, ol oba hojalyk maşynlaryny we enjamlaryny, şol sanda suw tygşytlaýjy tehnikalary we suwaryş üçin suw geçirijileri hem, on ýyllyk möhletli ýyllyk göterimi 1 göterim bilen berilýär. Täze karz pullaryny almagyň mümkinçilikleri oba hojalyk ekinlerini öndürijileriň giň köpüligine – daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, mülkdarlara we kärendeçilere, telekeçilere degişlidir.
Suwaryşyň damjalaýyn usuly baglyk zolaklary, baglary we üzümleri suwarmak üçin işjeň ornaşdyrylýar we giňden ulanylýar.
Suw hojalyk ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” institurynyň ylmy-gözleg bölüminiň müdiri Gurbanýaz Hommadowyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda suwaryşyň damjalaýyn usuly synag hökmünde gowaçany we beýleki keşlenip ekilýän ekinlerde, husuanda, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda ulanylyp başlandy. Gowaça damjalaýyn usulda suwarylyp ösdürilip ýetişdirilende tehnologiki işleriň möçberi ep-esli azalýar hem-de gol zähmeti az ulanylýar.
Gowşak minerallaşan kollektor-drenaž suwlaryny şora durnukly ekinleri ýeňil toprakda suwarmak üçin ulanmagyň gelje ulydyr. Bu gurluşugy alnyp barylýan Türkmen kölüniň giň ulgamynyň mümkinçiliklerini peýdalanamaga kömek eder.
Türkmenistan suwuň täze ätiýaçlyklaryny tapmak bilen, suwy netijeli peýdalanmayň aýdyň mysalyny görkezýär. Sebitiň gurak howasyny nazara almak bilen, suwy peýdalanamgyň şular ýaly ugry ýurdy geljekde durnukly ösdürmegiň berk binýadyny döredýär.
Türkmen alymlary täze suw akymlarynyň ugrunda topragy özleşdirmegiň iň gowy usullaryny işläp taýýarlaýarlar, munuň üçin olar şora durnukly ekinleri saýlap alýarlar. Bu bolsa bu örän uly suw desgasyny doly ulanmaklygy üpjün eder. Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, çölüň öri meýdanlarynyň örän uly giňişlikleri suwlandyryldy. Bu bolsa maldarçylygyň iýmitlik binýadyny berkitmek üçin örän peýdalydyr. Bu taslama Garagumyň ösümlik we haýwanat dünýäsine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Edil kölüň özi ýaly, kollektorlar hem guşlar üçin hakyky jennete öwrüler, balykçylyk pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin esas bolar.
Türrkmen kölüniň gurulmagy netijesinde eýýäm ýurduň köp sebitlerinde ýerasty suwlar aşak düşdi. Diýmek, bu oba hojalyk toplumynyň esasy bolan suwarymly ýerleriň bol hasyllylygynyň saklanyp galmagyny üpjün eder.
Topragyň bereketliligini artdyrmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Bu ýerde esasy maksat – dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak, suwuň bir damjasynyň hem yrýa bolmazlygyny gazanmak bolup durýar. Bu meselelriň oňaýly çözülmegi üçin ýurduň welaýatlarynyň ählisinde hem miraplar uly göwrümli işleri alyp barýarlar.