Ï Türkmenkaliý: kuwwatly senagat binýady döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenkaliý: kuwwatly senagat binýady döredilýär

view-icon 920
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda döwrebap pagta we pamyk egriji fabrikleriň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, şonda milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetini çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde bu wakalaryň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynda döredilýän kuwwatly senagat düzüminiň ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda, onuň täsin tebigy serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň dag-himiýa senagatynyň ilkinji kärhanasynyň – Lebap welaýatynyň günorta-gündogaryndaky kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan toplumynyň gurluşygynyň barşynda şu günler möhüm tapgyryň başlanmagy hem hut şu wajyp wezipäni çözmäge – ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu ýerde hünärmenler baýlaşdyryjy fabrikde tehnologik enjamlary gurnamak işine girişdiler. Şol ýerde esasy işleriň biri – gazylyp alynýan kaliý duzlaryny owratmak hem-de baýlaşdyrmak işi ýerine ýetiriler.

Bu ägirt uly senagat merkezi Köýtendag etrabynda döredilýär. Şol ýerde ýakyn wagtda milli ykdysadyýetimiziň düýbünden täze pudagynyň – dag-magdan senagatanyň ilkinji önümçilik kuwwatlyklary işe giriziler. Bu ýerde, Amyderýanyň sag kenarynda, Garlykdaky kaliý duzlarynyň ýatagynda Türkmenistandaky ilkinji we Orta Aziýanyň çägindäki iň iri kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan býlaşdyryjy toplumy gurulýar.

Bu ýatagyň özleşdirilmegi hem-de onuň çäginde Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan desganyň – kaliý duzlaryny çykarýan we baýlaşdyrýan zawodyň gurulmagy önümiň bu görnüşini daşary ýurtlara ibermek üçin örän uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmekde täze sahypany açar.

Belarusuň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti kärhanasy tarapyndan gurulýan, umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowrak bolan bu toplum ýylda dökünleriň 1 million 400 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Täze önümçiligiň özleşdirilmegi we Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işe girizilmegi Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegi üçin ýene-de bir möhüm ädim bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin täze bolan dag-magdan senagatynyň geljegini hem hut şu toplum bilen baglanyşdyrýarlar.

Mundan başga-da, bu täze desga ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge, ony ösüşiň täze sepgitlerine çykarmaga kuwwatly itergi berer. Onuň strategiki ugry bolsa dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri daşary ýurtlara ibermek bilen baglydyr. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy: “Himiýa senagatynyň kärhanalaryny ösdürmek we olaryň durkuny täzelemek, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän - dag magdan toplumyny ulanmaga bermek we beýleki tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek boýunça düýpli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr”.

Senagat merkeziniň gurluşyk müdirliginde TDH-nyň habarçysyna gürrüň berişleri ýaly, ägirt uly gurluşygyň dürli düzümleýin meýdançalaryna getirilýän tehnologiki enjamlar dünýäniň ýörite tehnikalaryny öndürýän meşhur kompaniýalarynyň iň döwrebap önümlerdir. Olaryň esasy bölegi Germaniýadan getirilýän enjamlardyr. Iň täze tehnikalary iberýänleriň hatarynda Russiýa, Belarus we beýleki käbir ýurtlar bar. Döredilýän önümçilik tapgyrynda halkara ülňüleriniň derejesinde tehnologiki işlere awtomatlaşdyrylan usulda gözegçilik edilmegini we dolandyrylmagyny nazara almak bilen, magdany gaýtadan işlemegiň iň döwrebap tehnologiýasy göz öňünde tutulýar. Bu ýerde baýlaşdyrylan kaliniň hloridi ugradylandan we gaplanandan soňra, ýokary bäsdeşlik derejesine eýe bolar.

100 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän geljekki ägirt uly himiýa kärhanasynyň çäginde häzirki wagtda gije-gündiziň dowamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gurluşyk-gurnama işleri üç çalşykda dowam edýär. Gurluşykda Belarus Respublikasyndan baş potratçy “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň gurluşykçylary we hünärmenleri hem-de dürli döwlet guramalaryndan we kärhanalaryndan ildeşlerimiz zähmet çekýärler. Bu ýerde jemi 1600-den gowrak adam işleýär, olaryň 1380-si türkmen gurluşykçylarydyr.

Köýtendagyň eteginde ägirt uly senagat merkezini döretmek boýunça bu iri taslamanyň durmuşa geçirilip başlanyndan bäri gurluşykçylar göz öňünde tutulan taslama işleriniň aglaba bölegini ýerine ýetirdiler. Dökünleri öndürmek boýunça doly kuwwata ýetmek üçin her ýyl 200 – 1000 metr çuňlukda ýerleşýän magdanyň 7 million tonnadan gowragyny çykarmak hem-de gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär. Önümli gatlaklaryň üstüni açmak işi dik şahtalaryň ikisi bilen amala aşyrylar.

Olaryň birinjisi magdany ýokary çykarmak, şeýle hem arassa howa bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir, ikinjisi bolsa, adamlary hem-de ýükleri aşak düşürmek we ýokary galdyrmak işlerini üpjün eder. Bu desgalaryň gurluşygy özüne täsin amallaryň tutuş toplumyny birleşdirýän örän çylşyrymly tehnologiki işdir.

Senagat toplumynyň beýleki desgalarynyň -- dag sehiniň, 80 müň tonna çig maly saklamaga niýetlenen ammaryň, göteriji maşynlaryň binasynyň, esasy howa çalşyş zalynyň, inženerçilik kommunikasiýalaryň, şol sanda içerki eltiji demir ýollaryň gurluşygynda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Şol demir ýollaryň eýýäm 12-sinden 7-si çekildi.

Gurluşykçylar ýaşaýyş şäherçesiniň ähli desgalarynyň gurluşygyny bolsa eýýäm tamamladylar. Ýaşaýyş kottejleri we umumyýaşaýyş jaýlary, bir wagtyň özünde bir müňden gowrak adama hyzmat etmäge niýetlenen naharhana, edara-durmuş toplumy, lukmançylyk nokady gurluşykçylaryň hyzmatyndadyr.

Ýokarda bellenilişi ýaly, geljekki ägirt uly kärhana diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş - ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi sebitiň örän baý çig mal serişdelerini netijeli özleşdirmäge, şol bir wagtyň özünde köpsanly täze iş orunlaryny döretmäge, ýokary hilli kaliý mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şol önümçilik bolsa diňe bir Türkmenistanyň oba hojalygynyň mineral dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, kaliý dökünleriniň dünýä bazarlaryna iberilip başlanmagyny üpjün eder.