“Türkmendemirbetonönümleri” birleşiginiň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak dowam etdirlýär. Häzirki wagtda zawodlaryň üçüsinde önümçiligi täzeden enjamlaşdyrmak alnyp barylýar, Germaniýadan, Italiýadan we Türkiýeden enjamlar we tehnikalar getirildi, sehleriň durky täzenýär, täze kranlar gurnaldy, basyş gurluşlary, bug gazanlary üçin enjamlar getirildi.
Durky täzelenýän kärhanalardan Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň iri panelli jaý gurluşyk zawodyny we Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” zawodyny görkezmek bolar. Önümçiligiň iň irisi bolas demirbeton önümleriniň 170 görnüşini öndürýän Aşgabadyň iri panelli jaýgurluşyk zawodydyr. “Arkaçgurluşyk” ÖB, “Aşgabatgurluşyk” ÖB bu kärhanamyň önümlerini sarp edijileridir. Olar bu kärhananyň önümlerini paýtagtyň “Parahat-7” kiçi etrapçasynda alnyp barylýan gurluşykda we beýleki desgalaryň gurluşygynda ulanýarlar.
Öňde ýene-de demirbeton önümlerini öndürýän zawodlaryň altysynyň durkyny täzelemek wezipesi durýar. Bu bolsa önümiň hilini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini artdyrmaga, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmaga şert döreder.
“Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşigi ýurtda esasy demirbeton önümlerini öndüriji bolmak bilen, harytlyk betonyny, diwar önümlerini we keramzit önümlerini öndürýär. Kärhananayň düzümine zawodlaryň 16-sy, şol sanda demirbeton önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen zawodlaryň 10-sy girýär.
Zawodlarda demirbeton önümleri bilen bir hatarda ugurdaş haryr betony hem öndürilýär. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň “Demirbetonönümleri” zawodynda betondan diwar önümleri taýýarlanylýar. Baýramalynyň “Demirbetonönümleri” zawodynda we Wekilbazaryň keramziitbeton zawodynda bişirilen kerpiç öndürilýär.
Ýaşlyk şäherçesiniň keramzit zawodynda, Türkmenabadyň “Demirbetongurluşyk” zawodynda we Wekilbazaryň keramzitbeton zawodynda keramzir çagly öndürilýär. 2013-nji ýylda 83 müň kubmetrden gowrak keramzir çagly öndürildi. Keramziti almak üçin gerek bolan “Türkmendemirbetonönümleri” ÖB tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan argillit Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Ýagman ýatagyndan alynýar.
Şeýle hem kömekçi önümleri, agaçdan we demirden öndürilýän ňnümleri öndürýän “Senagatgurluşykgurnama” gurluşyk-gurnama müdirligi, Aşgabadyň tejribe-synag abatlaýyş mehanika zawody, Aşgabadyň “Agaçbejeriş” kombinaty, Türkmenabadyň agajygaýtadanişleýiş zawody, Türkmenabadyň “Gurluşykgurnama” zawody birleşigiň düzümine girýär.
2013-nji ýylda Senagat ministrligi boýunça öndürilen önüm we hyzmatlar boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberiniň ösüş depgini 143,6%, demirbeton gurluşlary bolsa – 119,9%, demirprokat – 111,7%, keramzit – 115,5% boldy.