Türkmenabadyň garakölçülik zawodynda Döwlet maldarçylyk birleşiginiň düzümine girýän maldarçylyk hojalyklarynyň garakölçülik hünärmenleriniň bäş günlik okuw maslahaty geçirildi. Meýilnama esasynda geçirilýän bu maslahat adatça mart aýynyň ilkinji günlerinde geçirilýän mallardan owlak-guzy almak möwsüminiň öň ýanynda geçirilýär.
Maslahata ýurduň ähli künjeginden wenerinar we zootehnik hünärmenleriniň 75-si gatnaşdy. Olara mallaryň garaköli tohumynyň ýaş mallarynyň hiline baha bermek ynanyldy. Ýaş mallara baha bermek olar doglan badyna – üç günüň dowamynda geçirilýär. Hut şol döwrüň içinde hünärmenler boglan ýaş guzynyň dersiniň dört görnüşiniň - žaket, gapyrgaly, düzi ýa-da kawkaz görnüşine degişlidigini kesgitleýärler. Şeýle hem garaköli bagananyň gara, göňrumtyl reňkleri boýunça onuň reňkini kesgitleýärler. Toplumda guzularyň daş görnüşine hem baha berilýär.
Şeýle hem bu maslahatda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek, mallaryň parazitleriň ýaýradýan kesellerini bejermek, weterinar taýdan hyzmat etmek ulgamy, weterinar serişdeler ulgamynda innowasiýalar ýaly meselelere garalyp geçildi. Maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň işgärleri hem-de Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Tohumçylyk hojalygynyň hünärmenleri geçirdiler.
Häzirki wagtda guzylar gymmat bahaly garaköli baganasyny almak üçin ulanylmaýar, tohum mallary hil taýdan gowlandyrmak we olaryň baş sanyny köpeltmek işleri dowam etdirilýär, seçgi işleri alnyp barylýar. Bu ýerde mallaryň hiline baha bermek – möhüm tapgyr bolup, garakölçüligiň ýyllyk jemini jemleýär. Onuň netijeleri boýunça maldarçylyk pudagy üstünlikli ösdürilýändigini bilip bolýär hem-de gelejek üçin meýilnamany düzüp bolýar. Döwlet maladarçylyk birleşiginiň öri meýdanlarynda garaköli mallaryň 1 mln. 300 müňe golaý baş sany idedilýär. Olaryň takmynan ýarysy ene mallardyr, şu ýyl olardan 705,5 golaý gzy almak meýilleşdirilýär.