Ï Aşgabatda ýurdumyzyň telekeçiliginiň gazananlarynyň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ýurdumyzyň telekeçiliginiň gazananlarynyň sergisi açyldy

view-icon 900
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde milli ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň gazananlary we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan forum açyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň alty ýyllygyna bagyşlanan bu forum ýurdumyzyň telekeçiliginiň toplan tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli maksatnamalarynyň we özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna goşýan önjeýli goşandyny äşgär edýär. Milli Liderimiz bäsdeşlige ukyply, şol sanda eksporty ugur edinýän önümçilikleriň döredilmegini we ösdürilmegini türkmen döwletiniň innowasion syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.

Şu sanlar döwlet tarapyndan işjeň ýagdaýda höweslendirilmegi we goldaw berilmegi netijesinde türkmen telekeçiliginiň batly depgin bilen sazlaşykly ösýändigini görkezýär. Şeýlelikde, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi 300 esse; oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi – 9 esse artdy; şu döwürde senagat önümçiliginiň möçberleri 8 esse köpeldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilen wagtyndan bäri geçen alty ýylda 54 müňden gowrak adam hususy düzümlerde iş orunlary bilen üpjün edildi, munuň özi 2008-nji ýyldaka garanyňda 8 esse köpdür.


Geçen 2013-nji ýylda TSTB-niň kärhanalary tarapyndan öndürilen senagat önümleriniň möçberleriniň ösüş depgini 140 göterimden gowrak, gurluşyk işleriniň möçberi – 205 göterim boldy. 2012-nji ýyldaka garanyňda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilen möçberleri 2 esseden gowrakdyr. Umumy haryt dolanyşygy 2,4 esse, ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi 251 göterim artdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özüniň alty ýyllygyny möhüm ähmiýetli we zerur işleriň berjaý edilýändigini görkezýän şeýle täsirli statistika bilen garşylaýar.

Şu ýylda TSTB tarapyndan we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda türkmen telekeçiliginiň üstünliklerini we mümkinçiliklerini görkezýän bu uly möçberli gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň sany ozal geçirilen şunuň ýaly çäreler bilen deňeşdireniňde has-da artdy. Bu ýerde ýurdumyzyň iri hususy kompaniýalarynyň, özbaşdak kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 200-den gowragy öz ekspozisiýalary bilen tanyşdyrýarlar, olaryň arasyndaky eksponentleriň 35-e golaýy sergä ilkinji gezek gatnaşýar.

Türkmenistanda telekeçilik synpynyň ösmegi döwletiň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek baradaky strategiýasynyň netijelidigine şaýatlyk edýär. Bu strategiýanyň many-mazmuny ilatyň giň gatlaklaryna düşnükli bolup, jemgyýetiň işjeňliginiň täze, netijeli görnüşlerine we hojalyga degişli başlangyçlara badalga berýär. Hut ýurduň ykdysadyýetine ilatyň zähmet, intellektual we döredijilik kuwwatynyň has dolulygyna çekilmegi arkaly jemgyýetçilik we syýasy demokratiýanyň esaslarynyň biri hökmünde ykdysady demokratiýa ösdürilýär.

Serginiň baýramçylyga mahsus ýagdaýdaky açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara Gutlag hatyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Şu maksat bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek babatda amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu şertler salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almagyň we güwälendirmegiň tertibiniň ýönekeýleşdirilmegini, ýeňillikli karzlaryň berilmegini özünde jemleýär. Bulardan başga-da, “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanda döwlet eýeçilindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda telekeçilere köp sanly ýeňillikler göz öňünde tutulýar.


Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige maliýe taýdan goldaw bermek hakyndaky” Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna kiçi we orta telekeçilige maliýe taýdan goldaw bermek maksady bilen, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna 10 ýyl möhlet bilen 300 million manat möçberinde göterim hasabyndaky tölegsiz karz bermek tabşyryldy, Şeýlelikde “Rysgal” banky arkaly, TSTB-niň agzalaryna maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça taslamalarynyň ýyllyk hasabynyň 1 göteriminden geçmeýän töleg tölemek şerti bilen karz almaga mümkinçilik döredildi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýokary hilli bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwletimiziň jemgyýetçilik- syýasy durmuşynda telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmeginiň tutuş ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli bolandygyny aýtdy.

2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň esasy kanun çykaryjy edarasyna saýlawlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagy onuň türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmakda işjeň orny eýeleýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Ähli halk saýlawlarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň telekeçiliginiň wekilleriniň 14-si halkyň ynamyna eýe bolup, milli parlamentiň täze düzümine goşuldy.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda biziň telekeçilerimiz gazanylýan girdejini kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, öz önümçilikleriniň dörebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirmek bilen çäklenmän, özleriniň maýa goýumlary babatdaky mümkinçiliklerini artdyrýarlar, durmuş maksatly dürli taslamalara howandarlyk edýärler, dürli sport we medeni çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine degerli ýardam berýärler. TSTB-niň özbaşdak döredijilik taslamalary, şol sanda “Rysgal” topary hem bar, şol topara telekeçilik düzümleriniň işgärleriniň arasyndaky zehinli sazandalar goşuldy. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlara olaryň ussatlygynyň derejesine baha bermäge mümkinçilik döredi, şonda bu topar şu dabara mynasybetli taýýarlanan özboluşly sazly kompozisiýany ilkinji gezek ýerine ýetirdi.

Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçilik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwletiň we jemgyýetiň durmugşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrýan özgertmelerini işjeň ýagdaýda goldaýar. Biziň günlerimizde ylmy tutumly we ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň ýaly çemeleşme hereket edýän önümçilikleri tehniki we guramaçylyk taýdan kämilleşdirmek we eksport üçin niýetlenen önümleriň täze görnüşlerini taýýarlamak boýunça oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, döwlet ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň meseleleriniň çözülmegine badalga berip, hususy kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna-da ýardam berýär hem-de olary innowasiýa degişli ýagdaýlara we halkara derejesinde tejribe alşylmagyna çekýär.

Sergidäki köp sanly eksponatlaryň: “Täze önüm”, “Importyň ýerini tutýan önüm” ýa-da “Innowasion tehnologiýa” diýen ýörite belgilenmegi şu ugurda üstünlikleriň gazanylýandygyny aýdyň görkezýär. Galyberse-de, sergide şunuň ýaly ýazgylara oba hojalyk, gaýtadan işleýän we azyk pudaklaryndan başlap, gurluşyk we senagat önümçilik segmentine, himiýa senagatyna we dokmaçylygy, halyçylygy we beýlekileri özünde jemleýän ýeňil senagatyna çenli pudaklaýyn bölümleriň ählisinde görmek bolýar.


Türkmen telekeçileri tarapyndan görkezilýän harytlaryň we hyzmatlaryň ählisini birin-birin sanap geçmek kyn düşer. Telekeçiler ykdysadyýetiň söwda, maldarçylyk, mebeli, gurluşyk materiallaryny, azyk önümlerini, durmuşda ulanylýan harytlary öndürmek, şeýle hem bilim, ýurisprudensiýa, çaphana we bezegçilik işi, milli senetler ýaly birgiden ugurlar boýunça işleýärler. Şol ugurlarda ýöriteleşdirilen işleriň hem örän köpdügi görünýär, şeýle hem üstünlikli işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň dürli işleri ugur edinýändigi we işiň dürli görnüşleriniň bir logotip arkaly baglanyşdyrylmagyna meýil bildirilýändigi äşgär bolýar.

Sergide giň gerimli we sazlaşykly ösýän segment hökmünde gurluşyk pudagy has köp ýeri eýeleýär. Häzirki wagtda bu pudakda hususy kompaniýalaryň we firmalaryň 300-den gowragy işleýär. Galyberse-de, türkmen hususy gurluşyk kompaniýalary möhüm ähmiýetli desgalary gurmak boýunça bäsleşiklerde üstün çykyp, daşary ýurtly potratçylar bilen üstünlikli bäsdeşlik edýärler.

Ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda önümçilik, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesini gurup ulanmaga berdiler. Diňe bir 2013-nji ýylda TSTB-niň agzalary bolup durýan kompaniýalar tarapyndan köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 43-si, mekdepleriň 22-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 29-sy, sport mekdepleriniň 14-si we sport desgalarynyň 10-sy, Saglyk öýleriniň 7-si we Medeniýet öýleriniň 8-si, Lebap welaýatynda Bagt köşgi, Balkan welaýatynda bazar, şeýle hem suw arassalaýjy desgalar guruldy, awtoulag ýollarynyň we elektrik geçiriji liniýalaryň onlarça kilometri, suw geçirijiler çekildi.

Şu ýylyň ilkinji aýlarynda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda telekeçiler çagalar baglarynyň 2-sini, sport desgalarynyň 2-si, Saglyk öýüni, Medeniýet öýleriniň 3-sini, şeýle hem Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň Marydaky bölüminiň binasyny ulanmaga berdiler.

Şeýle hem geçen ýylda hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň täze Garlyk şäherçesinde desgalaryň birnäçesi guruldy. Şu ýylyň martynda TSTB-niň agzalary tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabanyň Ýandaklyagyz obasynyň golaýynda ýerleşýän täze obada ýaşaýyş jaýlarynyň 261-siniň we Geňeşligiň binasynyň gurluşygy tamamlandy.

Ozal hususy türkmen kompaniýalary tarapyndan paýtagtymyzda Döredijilik şäherjigindäki binalaryň toplumy, TSTB-niň Işewürlik toplumy, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň edara binasy, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi guruldy. Häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde olar uly söwda-dynç alyş merkeziniň (gipermarketiň), Işewürlik merkeziniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulaglar üçin köp gatly duralgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy” söwda merkeziniň we şäherdäki “Aşgabat” dynç alyş seýilgähiniň durkuny täzelemek işleri batly depgin bilen alnyp barylýar. Halkara gümrük terminalyny we ýolagçylar üçin halkara derejeli awtomenzili gurmak boýunça işleriň ahyrky tapgyry amala aşyrylýar.


Türkmen paýtagtynda binalaryň 13-nji nobatdakysyny gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan berjaý ediljek işleriň gerimi hem haýran galdyrýar. “Gujurly inžener”, “Rysgally zähmet”, “Aga gurluşyk”, “Polat gurluşyk”, “Gümmez gurluşyk”, “Dürli ýaz”, “Nusaý ýollary”, “Berk gala”, “Baýly gurluşyk”, “Myradym”, “Çeper gurluşyk”, “Ösüş gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Nurzaman”, “Ojar Aziýa” hususy kärhanalary, “Ajaýyp bina”, “Çyzgy”, “Muhammet Balkan”, “Dowamat”, “Berk ýol” hojalyk jemgyýetleri??? şol binalaryň potratçylary bolup çykyş edýärler. Bular ýurdumyzyň gurluşyk bazarynda özlerini tanadan, gurluşyk işleri, şeýle hem gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça tejribe toplan hususy kärhanalardyr. Olaryň köpüsi şu sergide özleriniň diwarlyklaryny goýdular.

2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Täjir” atly dynç alyş toplumy ulanmaga berildi. 2014-nji ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz birnäçe Kararlara gol çekdi. Şolara laýyklykda TSTB-niň agzalaryna möhüm ähmiýetli binalary we desgalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek we enjamlar bilen üpjün etmek ynanyldy, şolaryň arasynda Awazadaky döwrebap kottejleriň toplumy we ýaht-klub, demir-beton enjamlaryny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyndaky zawodlar bar. TSTB-niň agzalary tarapyndan gurulýan iri desgalaryň arasynda Hazaryň kenar ýakasynda balyklary köpeltmek we işläp taýýarlamak boýunça önümçilik toplumy, welaýat kitaphanalary, Daşoguzda saglygy dikeldiş merkezli mekdep-internat we beýlekiler bar.

Telekeçiler tarapyndan gurulýan ýaşaýyş jaýlary ýylsaýyn artýar. Milli Liderimiz şu işiň mundan beýläk-de hususy telekeçilere ynanylmalydygyny belleýär. Telekeçiler ýaşaýyş jaýlaryny raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna we olaryň buýurmalary esaynda gurarlar.

Telekeçiler tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze taslamalaryň arasynda Aşgabatda awtoulaglar üçin 400 orunlyk köp gatly duralgalar, kottejleriň toplumy, alýumin taýýarlamak boýunça zawod, awtoserwis merkezi, söwda merkezleriniň birnäçesi we beýlekiler, şeýle hem Gökderede dynç alyş merkezi, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda keramiki plitalary we faýans önümlerini öndürmek boýunça zawod, Lebap welaýatynyň häkimliginiň edara binasy, Atamyrat şäherinde howa menzili, welaýat merkezlerinde karting üçin awtodromlar we beýlekiler bar.

2014-nji ýylda Türkmenistanda milli we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gurluşyk pudagynda ABŞ-nyň 41 milliarda golaý dollaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şolardan ABŞ-nyň 16 milliard dollary ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalary tarapyndan özleşdiriler.

Sergide gurluşyk we timarlaýyş materiallaryny, binalaryň interýerlerini we öň taraplaryny, köçeleri, meýdançalary we seýilgähleri bezemek, şäheri abadanlaşdyrmak we ýol gurluşygy boýunça ulanylýan dürli önümleri öndürýän kärhanalar hem dizaýnerlik taslamalary we işlenip taýýarlanýan işleriň nusgalary ýerleşdirilen diwarlyklaryny goýdular.

Şu kärhanalar öz strategiýasynda ýerli çig malyň we has öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalarynyň ulanylmagyny ugur edinýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde kerpiç, demir-beton önümlerini, izogamy, penopolisteroly, keramziti, dürli emulsiýalary, poliuretandan gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça zawodlar üstünlikli işleýärler. Telekeçiler “Köneürgenç” Döwlet taryhy- medeni goraghanadaky taryhy ýadygärlikleri abatlamak üçin maýolikadan örtükleriň öndürilmegini özleşdirdiler. Oňat hilli, içerki we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply gurluşyk materiallaryny işläp taýýarlaýan kärhanalaryň arasynda “Çaly” hususy kärhanasy,“Ak hünji” hususy kärhanasy, “Intizar ýürek”, “Polat” we “Toprak” hojalyk jemgyýetleri bar.

Telekeçiler tarapyndan işlenip taýýarlanýan senagat önümleriniň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Diňe bir 2013-nji ýylda TSTB-niň agzalary önümleriň täze görnüşlerini özleşdirdiler. “Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti elektrokabeliň we şlanglaryň, “Akplastik” hojalyk jemgyýeti asma potologyň, “Arassa tebigat” hojalyk jemgyýeti ýag we howa filterleriniň, “Hindiwar” hususy kärhanasy akkumulýatorlaryň, “Sähetli” hojalyk jemgyýeti suwly emulsiýanyň, “Erjel Begenç” hususy kärhanasy bezeg üçin örtükleriň we ýollaryň gyrasynda goýulýan daşlaryň, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti antifriziň öndürilmegini ýola goýdular.

Kompaniýalaryň birnäçesi iş buýrujynyň tabşyrygyna görä jaýlary, öýleri bezemek we abadanlaşdyrmak ýa-da edara jaýyny “haý-tek” usuly boýunça ýa-da başga görnüşde bezemek üçin döwrebap usulyýetleri we materiallary ulanmak arkaly, inžener -- tehniki, çeper-dizaýner çözgütleriniň ençemesini hödürleýär. Sergi köşgünde guralan sergä gelen köpsanly adamlar bular bilen içgin tanyşýarlar, olaryň käbiri bolsa şol ýerde işiň ýerine ýetirilmegini resmileşdirmek babatda dörän mümkinçilikden peýdalanýarlar. Sergä gelenlerde milli äheňdäki nagyşlary ulanmak arkaly bezeg üçin taýýarlanan materiallar uly gyzyklanma döretdi.


Türkmen telekeçiligi importuň ýerini tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek we içerki bazardaky önümleri artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek bilen birlikde, bäsdeşlige ukyply we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge başlady. Häzirki wagtda önüm öndürijileriň aglabasy ýurdumyzdaky bazarda öňdebaryjy orunlary eýeläp, öz önümlerini başga döwletlere eksport etmäge taýýardyr hem-de önümleri ýerlemek üçin täze bazarlary işjeň ýagdaýda gözleýärler.

Olaryň arasynda “Aýbölek” mebel fabrigi bar. Bu fabrik ýakyndan bäri öz önümlerini goňşy Owganystana iberip ugrady. Ýurdumyzda bolsa “Aýbölegiň” amatly we gelşikli mebelini dolandyryş we sagaldyş merkezlerinde, dürli edaralarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýokary okuw mekdeplerinde, türkmenistanlylaryň öýlerinde görmek bolýar. Kärhana her ýylda 45-50 million dollara barabar önümi işläp taýýarlaýar. Sergide fabrige wekilçilik edýän uly pawilion ortada ýerleşip, birnäçe zolaklara bölündi, şonda mekdebiň döwrebap, oňaýly partaly kiçeňräk okuw otagy, göwnejaý bezelen ýaşaýyş jaýy, kaşaň iş otagy we kreatiw mebelli jemgyýetçilik jaýy ýerleşdirildi.

Umuman alanyňda, materialyň hödürlenmegine, diwarlyklaryň maglumatlar we çeperçilik taýdan bezelişine döredijilikli çemeleşmek şu sergidäki özboluşly aýratynlyga hem-de türkmen telekeçileriniň marketinge we reklama degişli usullary üstünlikli özleşdirýändigini görkezýän subutnama öwrüldi. Hut şu ugurda telelkeçilik düzümleri harytlary ýerlemegiň we hyzmatlary berjaý etmegiň has netijeli serişdesi hökmünde sergileri guramak işiniň ösdürilmegine degerli ýardam berýärler.

Şu ugurda azyk önümlerini öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen kärhanalaryň pawilonlary görelde görkezýärler. Bazaryň şu segmentinde hususy telekeçiligiň mümkinçilikleri we kuwwaty has aýdyň äşgär edilýär, çünki türkmen sarp edijileri hut ýurdumyzda öndürilen azyk önümlerini ileri tutýarlar we bular babatda uly islegi döredýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda etiň, ýumurtganyň, süýdüň, gök ekin we bakja önümleriniň agramly bölegi hususy ulgamda öndürilýär. Telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem türkmen azyk önümlerini daşary bazarlara çykarmak boýunça wezipeleri jogapkärli we oýlanyşykly berjaý edýärler. Eýýäm häzirki wagtda önüm öndürijileriň aglabasy öz süýji nygmatlaryny goňşy Owganystana, Birleşen Arap Emirliklerine, Hytaýa iberýärler.

Ilat tarapyndan isleg bildirilýän ýokary hilli önüm öndürijileriň arasynda süýji önümlerini öndürýän “Hasar”, “Bars”, “Misgar” we “Oguzhan” hojalyk jemgyýetleri, “Elin” görnüşli süýt önümlerini öndürmek boýunça kärhana, çöregiň “Saglyk” atly dürli görnüşlerini işläp taýýarlaýan kiçi zawod bar. “Hoş zaman” hususy kärhanasy towuk ýumurtgasyny öndürmekde we “Guş toplumy” jüýje etini öndürmekde tanymal kärhanalar hasaplanýar. “Bereketli1 hojalyk jemgyýetiniň eti gaýtadan işlemek boýunça zawody şöhlatlary we beýleki et önümlerini öndürmekde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Geçen ýylda alkogolsyz içgileri öndürýänleriň sany artdy, bazara “Parahat” hususy kärhanasynyň “JOŞ” söwda nyşanly şireli suwlar, daşary ýurtlarda öndürilýän nusgalary bilen üstünlikli bäsleşýän “Ýaprak” söwda nyşanly çaýlar çykaryldy hem-de bulara ulanyjylar tarapyndan ýokary baha berildi. Şu kärhanalaryň önümçiligiň medeniýeti hem-de azyk önümleriniň görnüşlerini yzygiderli ýagdaýda artdyrmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalara içgin garamak boýunça görelde görkezýändigini bellemek gerek. Şeýle hem ýurdumyzyň telelkeçiler gaplaýjy materialyň önümçiligini ýola goýdular, munuň özi öz önümleri üçin import boýunça gofrirlenen we aýna gaplary satyn almak üçin harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik berýär.


Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bazary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde bitiren işlerini has aýdyň äşgär etmek üçin birnäçe sanlary görkezmek bolar. Eger 2008-nji ýylda ýurdumyzda etiň öndürilen möçberi 155,6 tonna barabar bolan bolsa, 2013-nji ýylda 2074,6 tonna ýetdi. Ösüş 13 esseden-de gowrakdyr. Şu döwürde jüýje etiniň öndürilýän möçberi 5 esse (1267 tonnadan 6359 tonna çenli), süýt we süýt önümleriniň möçberi 57 esse (328 tonnadan 18764 tonna çenli) artdy. Alty ýyl mundan ozlaka garanyňda şöhlat önümleriniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberi 10 esse köpeldi. Süýji önümleriň işlenip çykarylýan möçberi 6 esse, alkogolsyz içgileriňki bolsa 75 essä golaý artdy.

Şu görkezijiler telekeçileriň oba hojalygyny ösdürmekde uly üstünlige eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Obasenagat toplumyny çalt depginde ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda telekeçilere oba hojalyk maksatly dürli desgalary gurmak üçin ýer bölekleri bölnüp berildi, şolaryň köpüsinde eýýäm işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallasy bilen gurulýan desgalaryň arasynda maldarçylyk fermalary we miwe-gök önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça birnäçe hojalyklar bar.

“Hususy bölümiň wekilleri gatnaşmazdan oba hojalyk toplumynda geçirilýän özgertmeler oňyn netije bermez” diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken ýörite Karary bilen Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli adamlara önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli möhlet bilen ýyllyk 5 göterimden ýeňillikli karzlary, şeýle hem dolanyşyk serişdelerini satyn almak üçin 1 ýyla çenli möhlet bilen karzlary bermäge ygtyýar berildi.

Bagçylygy ösdürmek hem oba hojalygyndaky telekeçiligiň bir ugry hökmünde ýurdumyzyň telekeçilerinde barha uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu işi suwarmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny peýdalanmak, ýokary hilli çykdaýjy serişdeleriniň we enjamlaryň esasynda alyp barýarlar. Gök-bakja önümleriň öndürilişiniň ýokary ösüş depginlerini sanlar tutuş aýdyňlygy bilen subat edýär. Eger-de, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bary-ýogy 131 tonna gök önüm we miwe öndürilen bolsa, eýýäm 2013-nji ýylda olary öndürmegiň möçberi 2256 tonna deň boldy, bu 17 esse köpdür.

Telekeçiler iri möçberli bagy-bossanlyga öwürmek çärelerine, Milli tokaý maksatnamasyny we ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýarlar. Olar 15-nji martda geçirilen ählihalk ýowaryna höwes bilen gatnaşdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2014-nji ýylyň bag ekmek möwsüminde jemi 5 müň düýp agaç nahalyny, şol sanda 4 müň ýaprakly we pürli agaç nahallaryny hem-de 1 müň sany miweli we üzüm nahallaryny oturtdylar.

Häzirki wagtda kiçi we orta kärhanalar täze başlangyçlaryň kuwwatly guraly, innowasiýa tehnologiýalaryny has giň ornaşdyrmak boýunça özboluşly binýat bolup çykyş edýär. Telekeçiler önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda iň häzirki zaman enjamlaryny we öňdebaryjy usullary peýdalanmagyň işewürlikde üstünlik gazanmagyň içerki we aýratynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyň baş şerti bolup durýandygyna barha aýdyň göz ýetirýärler.

Döwlet Baştutanymyz eksporta ugrukdyrylan ýokary hilli önümleriň öňdebaryjy tehnologiýaly önümçiligini giňeltmek maksady bilen ýurdumyzyň telekeçilerine dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmek, şeýle hem bar bolan ähli senagat önümçiligini toplumlaryn döwrebaplaşdyrmak işlerinde ýakyndan ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda 2017-nji ýyla çenli ştrih kort ulgamyny ornaşdyrmak baradaky Karara gol çekmegini mysal getirmek bolar.

Resminama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň bu düzümiň paý gatnaşygyny we onuň agzalarynyň ştrih-kod boýunça täjirçilik däl Milli gurama bolan gatnaşygyny döretmek hakyndaky teklibi kabul edildi.

Ýurdumyzyň işewürçilik ulgamynda täzeçillik ýörelgeleriniň ösmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wezipesi üýtgewsizligine galýar. Munuň özi halk senetkärçiliginiň ýörelgeleri we milli mamaly-haşam sungaty şu pudakdaky telekeçileriň döredijilikli başlangyçlary esasynda goldamak netijesinde yzygiderli ösdürilýär.

Bu ýörelge sergide öz beýanyny tapdy. Özboluşly bezegli gündogar bazaryna çalymdaş ajaýyp bölümleriň ýany örän köp adamly boldy we olarda görkezilýän gymmatylklara uly gyzyklanma bildirildi. Bu görnüşler ýokary tehnologiýaly häzirkizaman önümleri bilen sazlaşyp, döwürleriň özara baglanyşygyny, nesilleriň we ýurdumyzyň häirki döwürdäki täze ýörelgeleriniň utgaşygyny äşgär etdi.

Bu ýerde ýüňden we ýüpekden dokalan ajaýyp gölli halylaryň göze gelüwli şekilleri, olardaky tebigatyň ajaýyplyklary, elde dokalan we häzirkizaman haly öngümleri, nagyşlar, matalar, zergärçilik we küýze önümleri, telekeçiler hem-de halk ussatlary, ýaş bezegçiler tarapyndan taýýarlanylan sowgatlyklar görenleriň ünsüni özüne çekýär. Milli sungatyň bu görnüşi muzeý gymmatlyklaryny ýatladyp, olar häzirki döwürde daşary ýurtlaryň talapkär bazarlarynda, modeller öýlerinde, kaşaň bezeg öýlerinde öz ornuny tapýar we dünýä ýüzüne ýaýraýar.

Çeper we tehniki dessurlara daýanýan bu sungat yzygiderli ösdürilýär. Şeýle hem ol häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede kämilleşdirilip, önümçilik pudagynyň islegleri nazara alnyp, döwrüň meýillerine laýyk derejede baýlaşdyrylýar. Onda eli hünärli ussatlaryň zehininden bimöçber gözellik açylýar. Sungat eserlerine çalymdaş bu önümler bu ugur boýunça meşgullanýan hünärmenleri haýrana goýýar. Olarda batyrgaý çögütler we häzirkizaman ýörelgeleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Serginiň bu künjeginde görkezilýän gymmatlyklar söz bilen beýan eder ýaly däl. Iň gowusy olary gözüň bilen görmeli. Şonda hünärli gollaryň döreden ajaýyplyklaryna hakykatdan-da geň galarsyňyz.

Şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça öýde oturyp el işine meşgullanýan zenanlaryň zähmetini goldamak boýunça ýörite işleriň alnyp barylýandygyny bellemeli. Munuň özi täjirçilik bähbidi bilen bir hatarda, onuň halkyň durmuş derejesini gowulandyrmak mümkinçiligi bardyr. Şeýlelikde Türkmenstanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öýde, maşgala agzalarynyň arasynda ýörite önümçiligi alyp barmak maksady bilen Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tikin we nagyş ediji enjamlary satyn alyndy. Munuň özi bir tarapdan türkmen zenanlarynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda obada durmuş ulgamyny sazlaşdyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle hem şol el hünäriniň inçi syrlarynyň nesilden-nesle geçirilmegini, onuň häzirkizaman derejede ýörite enjamlaryň üsti bilen ösdürilmegini şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, oba ýerlerinde halypa – şägirt ýörelgeliriniň ösmegine, şeýle hem täze häzirkizaman tehnologiýalarynyň özleşdirilmegine, ýaşlara bu ugur boýunça gerek hünäriň, bilimiň berilmegine ýardam eder. Bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen bilelikde işleýärler. Olaryň hatarynda bolsa üstünlikli işleýän telekeçileriň sany barha artýar.

Munuň özi Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde işjeň hyzmatdaşylk edýän ýeke-täk ugry däldir. Bu düzüm köp çagaly maşgalalara we ýetim çagalara kömek – goldawy yzygiderli berýär. Ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçilik düzüminiň yzygiderli ösdürilmegi telekeçilik işiniň ykdysady ösüşiň esasy hökmündäki ornunyň giňden wagyz edilmegini we halk hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär. Bazar ykdysady şertlerinde jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi üçin diňe bir bazar bäsdeşligi zerur bolman, eýsem işewürçilik ulgamynyň durmuş taýdan jogapkärliligi hem örän zerurdyr. Şu meselede türkmen telekeçileri diňe bir raýatlyk borjuny äşgär etmek bilen çäklenmän, eýsem olar işiň yzygiderligini, öňdengörüjili we watansöýüjiligi öňe sürýärler.

Bu bolsa jemgyýet we döwletimiz tarapyndan olara, durmuş ulgamynyň sütüni bolan işewürlige, guramaçylyk mümkinçiliklerine, täze ykdysady pikirlenmeleriň, biziň umumy hereketimiziň kuwwatynyň mümkinçiliklerine bolan ynamy pugtalandyrýar. Hut ynanyşmak esasynda ýola goýulýan özara gatnaşyklar döwletiň we hususyýetçiligiň gatnaşyklarynyň esasyny düzmek bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna ýetilmegini şertlendirýär.

Häzirki döwürde telekeçiligiň öňünde uly we möhüm wezipeler durýar. Olaryň hatarynda durmuş ulgamyna degişli pudaklary, şol sanda sport ulgamyny ösdürmäge ýardam bermek boýunça jogapkärli tabşyryklar bar. Munuň özi öňi bilen Aziada-2017-ä bolan taýýarlyk işleri bilen baglanyşyklydyr. Çünki onuň ugurdaş maksatnamalarynyň guramaçylyk meselelerini çözmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkiçniliklerine hem-de başlangyçlaryna uly ynam bildirýär. Bu gurama bazar şertlerinde işlemäge we islendik pudagyň ösüşine kuwwatly itergi bermäge ukyplydygyny iş ýüzünde subut edýär. Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ähli giň möçberli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň kepilidir.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özünde telekeçileriň 7 müňden gowragyny birleşdirýär. Birleşmäniň düzüminde “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, “Rysgal” hususy gazeti we Telekeçiler mekdebi hereket edýär. Onuň şahamçalary bolsa Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynda bolup, olarda öz hususy işine başlaýan telekeçileri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem olar ykdysady, maliýe, hukuk we beýleki meseleler, bazarda öndürilen önümi ýerlemek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesniň hünärmenlerinden maslahatlary alýarlar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynyň mejlisler zalynda telekeçilik işiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahat geçiridi. Onuň gün tertibine hususy önümçilige täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ýörelgeleri ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, şahsy önüm öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, sarp edijileriň ünsüni ýurdumyzda öndürilýän önümlere çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň ugruna toplumlaýyn seljerme geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň okgunly ykdysady ösüşinde barha möhüm orun eýeleýän kiçi we orta telekeçiligi durnukly ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda yzygiderli tagalla edýändigini aýratyn bellediler. Soňky ýyllarda ýerine ýetirilen işleri we gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, maslahata gatnaşyjylar önümçiligi ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän önümleri öndürmek, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna ýardam bermek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňünde durýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Ertir sergi öz işini dowam eder.