Ï Türkmen ekerançylary ýaz ekişine taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ekerançylary ýaz ekişine taýýar

view-icon 1054
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji martda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda ýurdumyzyň pagtaçylary üçin örän jogapkärli möwsümiň – gowaça ekişiniň ýetip gelýändigini aýdyp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň häkimlerinden daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň ekiş möwsümine taýýarlygyny seljermegi talap etdi we zerur bolan halatynda, bu möhüm oba hojalyk çäresini guramaçylykly hem-de ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen, öz möhletinde geçirmek üçin goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine 26-njy martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 2-nji aprelde başlamaga ak pata berip, bu möhüm çärä asylly däbe görä, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişilmelidigini belledi.

Milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda ýaz ekişine iň soňky taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýyl gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 545 müň gektara barabar bolar. Ekerançylar şol ýerden 1 million 50 müň tonna pagta almagy meýilleşdirýärler.

Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde türkmen ekerançylarynyň tehnikalar bilen ýokary derejede üpjün edilmegi öňümizdäki ekiş möwsümiň agrotehniki kadalara laýyklykda üstünlikli geçiriljekdigini kepillendirýär. Ekiş möwsümine jemi ekiş enjamlarynyň 2 müňüsi, kultiwatorlaryň 4 müň 800-si, sürüm we hatar aralaryny ýumşadýan traktorlarynyň 7 müňden gowragy, boronalaryň 28, 5 müňe golaýy we beýleki kömekçi tehnikalar taýýar edildi. Tehnikalaryň hatarynda bütin dünýäde belli “Class”, “John Deere”, “Case”, “Belarus” we beýleki kompaniýalaryň kuwwatly oba hojalyk maşynlary bar.

Şeýlelikde, ekerançylar bilen birlikde, ýaz ekişini üstünlikli geçirmäge “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň mehanizatorlary hem saldamly goşant goşarlar. Daýhanlary ýeterlik möçberde dökün we suw bilen üpjün etmek bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Suw hojalygy ministrliginiň edaralarynyň üstüne ýüklendi.

Ekiş möwsümine saýlama gowaça tohumynyň 65 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy, olar orta süýümli we inçe süýümli pagtanyň 15 görnüşine golaýynyň tohumlarydyr. Däp bolşy ýaly, orta süýümli gowaça Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ekilýär. Şolaryň hatarynda gowaçanyň “149F”, “133 F”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39”, “Ýolöten-19” ýaly görnüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, inçe süýümli gowaçanyň “Ýolöten-14”, “Ýölöten-32” ýaly görnüşleri ýurdumyzyň iki welaýatynda – Mary we Ahal welaýatlarynda ekiler.

Gowaçanyň ähli görnüşleri oba hojalyk önümçiliginiň isleglerine laýyk gelýär. Olar oňat gögerijiligi, ir ýetişýändigi, ýokary hili we süýüminiň çykymy, ýokary hasyllylygy, gurakçylyga hem-de kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň döwlet tohumçylyk we synagdan geçiriş gullugynyň barlaghanalarynyň 13-siniň hünärmenleriniň berk gözegçilik etmeginde gowaça tohumlarynyň hiliniň esasy görkezijileri kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, 26-njy martda ýurdumyzyň günorta welaýatlarynda – Ahal (120 müň gektarda), Mary (165 müň gektarda) we Lebap (120 müň gektarda) welaýatlarynda, 2-nji aprelde bolsa, Daşoguz welaýatynda (140 müň gektarda) ekiş başlanar.

Şu günler gowaça ekiljek meýdanlarda ekişiň öň ýanyndak işler tamamlanyp barýar. Keş çekmek, tagt suwuny tutmak, ýerleri gurplandyrmak we mineral hem-de ýerli dökünleri bermek boýunça iň soňky işler geçirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmekde gazanýan üstünlikleri oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň mysallarynyň biridir. 2011-nji ýylda “ak altyn” taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama 103 göterim, 2012-nji ýylda bolsa 111 göterim berjaý edildi. Geçen ýyl bolsa döwlet buýurmasy boýunça bellenilen 1 million 50 müň tonna pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk 13 göterim artygy bilen ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň pagta arassalaýjy zawodlarynyň 36-synda işler dowam edýär, olarda eýýäm geçen ýylyň hasylynyň 1 million tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň bu üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, hususan-da, oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň we ýokary hilli tohumlaryň ulanylmagynyň, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň aýdyň netijesidir.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasy ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykaryp, ykdysady taýdan gülläp ösýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmelidir.

Şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde pagtaçylyk pudagynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şol sanda täze döwrebap pagta arassalaýjy zawodlary gurmaga aýratyn üns berilýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda her biriniň kuwwaty ýylda 40 müň tonna barabar bolan täze pagta arassalaýjy kärhanalar gurlar. Olar tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdiriler. Mundan başga-da, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän pagta arassalaýjy zawodlarda täze önümçilik bölümleri gurlar.

Her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň ýene-de ikisi Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gurlar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň çäginde täze önümçilik bölümi bina ediler. Bu kärhanalaryň gurluşygyna 2013-nji ýylyň aprelinde badalga berildi, desgalary 2015-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Iň täze enjamlar bilen üpjün ediljek bu zawodlar pagtaçylygy täze derejä çykarmaga ýardam eder. Çünki bu kärhanalar tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge, ýokary hilli tohumlary almaga niýetlenendir. Munuň özi gowaçanyň hasyllylygyny has-da artdyrmaga ýardam eder.

Şeýlelikde, ýurdumyzda gowaçany we beýleki esasy oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin oňaýly şertler döredildi. Döwletimiziň türkmen ekerançylaryny ýakyndan goldamagy hem munuň kepili bolup durýar. Önümleri öndürmek üçin edilýän çykdajylaryň, şol sanda tehniki hyzmatlar, tohum, mineral dökün, suw bilen üpjün etmek üçin edilýän çykdajylaryň 50 göterimi döwlet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler. Mundan başga-da, tohumçylyk hojalyklary üçin ýeňillikli nyrhdan mineral dökünleri 25 göterim köp berler.

Döwletimiziň maddy taýdan yzygiderli höweslendiriş çärelerini geçirmegi pagtanyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga kuwwatly itergi berýär. Şeýlelikde, pagtaçylara döwlet buýurmasyndan artyk öndürilen pagta çig malynyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegi netijesinde alnan pagta süýümini, linti, ülügi daşary ýurtlara hem ýerlemäge mümkinçilik berilýär. Olar muny özbaşdak ýa-da Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen amala aşyryp bilerler.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde obasenagat toplumy önümçilik kuwwatyny we ykdysady taýdan netijelliligini has-da berkitdi. Oba zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi – döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, türkmen obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, ekerançylygyň medeniýeti ýokarlanýar, döwrebap agrofirmalar we gaýtadan işleýän kärhanalar döredilýär, obasenagat toplumynyň hususy bölegi okgunly ösdürilýär.

Şeýle hem şu günler ýurdumyzyň galla meýdanlarynda işleriň işjeňleşdirilendigini, ekinleri mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek, ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, galla oragy tomsuň başynda badalga alar, onda däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 2 müňden gowragyny işletmek göz öňünde tutulýar. Olaryň 300-si “Claas” nemes kompaniýasynyň öndüren “Tucano-430” kysymly täze kombaýnlarydyr.

Türkmenistanyň dünýäniň esasy oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileri bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň ýyllary içinde “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň tehnikalarynyň binýadynda, şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylarynyň şahsy hojalyklarynda dünýäniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň iň gowy nusgalarynyň kuwwatly parky döredildi. Şol tehnikalar ýerli toprak-howa şertlerinde özlerini iň gowy tarapdan görkezip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ählisinde giňden ulanylýar. Olar ýurdumyzda oba hojalyk önümçiliginiň okgunly ösmegine ýardam edýär.

Ýurdumyzda obany ösdürmek baradaky maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin uly maýa serişdeleri goýberilýär. 2014-nji ýyldaky wajyp taslamalaryň hatarynda 7 sany pagta arassalaýjy zawody gurmak we durkuny täzelemek baradaky taslamalar bar. Şu ýylyň meýilnamalaryna laýyklykda, şeýle hem 8 sany elewatoryň, 3 sany iri maldarçylyk we guşçulyk toplumynyň gurluşygy tamamlanar, iň pesinden suwarymly meýdanlaryň ýene-de 80 müň gektarynyň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynda amala aşyrýan özgertmeleri, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin iň gowy şertleri döretmek barada yzygiderli alada etmegi, olaryň tutanýerli zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde täze sepgitleri eýelemäge kuwwatly itergi berýär, edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen bol hasyl ýetişdirmek meýlini has-da berkidýär, olaryň ata-babalarymyzyň gadymy ekerançylyk sungatynyň gaýtadan dikeldilýändigine buýsanjyny has-da artdyrýar.