Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystandan, Estoniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki we yşyklandyryş kerosinini, ýakylýan mazudy, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda işlenip taýýarlanylan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Hytaýdan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki ýodyny satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük, pagta süýümi we azyklyk bugdaý ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan we başgalar boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 116 million 500 müň dollaryna golaý boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Eýrandan we Ukrainadan gelen telekeçiler pagta ýagyny, nah ýüplügi we ýük göteriji tehnikasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9 million manatdan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri 85 müň manada golaý möçberde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.