Eksport etmäge ygtyýarlygy bolan Türkmenabadyň “Gallaönümleri” ýöriteleşdirilen kärhanasy unuň ilkinji tapgyryny daşary ýurda ugratdylar. Gymmatly önümiň 500 tonnasy Owganystanyň hususy kärhanalary tarapyndan biržanyň üstünden satyn alyndy. Iki uzyn hatar bolan ýurdumyzyň ýük göteriji awtoulaglary uny goňşy ýurduň araçägine çenli eltildi.
Eksporta iberilen ähli önüm daşky täsirlerden goramaklyk üçin berk polietilen haltalara gaplandy. Haltalara ýelmenen satuw kagyzynda önümiň çykan wagty, ýeri we kim tarapyndan öndürilendigi baradaky maglumat türkmen we iňlis dillerinde görkezilen.
Häzirkizaman kärhana geçen ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berildi. Önümçilikde ABŞ-yň we öňdebaryjy Ýewropa ýurtlarynyň tehnologiýalary ornaşdyrylan. Şu günler ýene-de unyň 520 tonnasyny Owganystana ibermäge taýýarlanylýar.