Ï Täze ýatak açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýatak açyldy

view-icon 877
Türkmenistanyň günorta-günbatarynda birnäçe iri ýataklar, şol sanda Akpatlawuk, Keýmir hem, işlenilip taýýarlanylýar. Olardan gündogarda “Türkmennebit” Döwlet konsrniniň Körpeje BIM burawçylarynyň ýaýbaňlandyran işleri Kemer nebitgazly ýatagynyň açylmagy bilen tamamlandy.

Kemer täze ýatakda ikinji burawlanan 7-nji guýudan bolsa geologlaryň bu ýeriniň 3402-3408 we 3490-3492 metr çuňluklarynda ätiýaçlyk uglewodorod çig malynyň bardygy baradaky çaklamalaryny tassyklady. Mundan öň täze ýatakda birinji guýy burawlananda tebigy gazyň we gazkondensatynyň akymynyň bardygyny görkezdi.

2-nji gözleg guýusynda buraw işleri güýçlendirilen depginler bilen dowam edýär, golaý wagtda ulanyşa beriljek 4-nji guýyda bolsa häzirki zaman täze enjamlary gurnamak işleri dowam edýär. Bu enjamlaryň kömegi bilen gazylyp alynýan peýdaly magdanlary 7000 mtere çenli çuňlukda burawlamak we işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu çuňluklarda nebtiň we gazyň has önümli gatlaklary ýerleşýändir.

Kemer Gögerendag-Ekerem zolagynyň belentliginde ýerleşýär. Onuň çuňluklary uglewodorod çig malynyň käniniň önümli gatlaklary bilen tapawutlanýar. Geljekde bu ýatak Körpeje-Gurtguýy halkara gaz geçirijisi üçin “mawy ýangyjyň” ygtybarly çeşmeleriniň biri bolar.