Ï Şertli beligiler boýunça Milli gurama döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şertli beligiler boýunça Milli gurama döredildi

view-icon 868
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahat zalynda ýurtda şertli belgileri ornaşdyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi. Onuň işine welaýatlaryň ählisiniň telekeçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar sebitleýin maslahatlaryň çözgütleri boýunça ses bermäge hukukly edilip iberildi. Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan ses bermekleri netijesinde Türkmenistanda şertli belgiler (ştrih-kod) boýunça gurama döredildi. Şeýle hem täze Milli guramanyň derňew toparynyň müdirliginiň düzümi saýlandy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileriň (ştrih kodlaryň) goýulmayny girizmek barada Karara gol çekendigini ýatlap geçeliň. Resminamada nygtalşy ýaly, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem içerki söwda söwda ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek maksady bilen, bu karar kabul edildi. Şeýle hem resminama bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, wezipesi peýda almak maksady bolmadyk, çyzykly belgiler boýunça Milli guramany Birleşmäniň we onuň agzalarynyň paýly gatnaşmagynda döretmek baradaky teklibi tassyklandy.

Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli taraplar, şeýle hem hususy telekeçiler öz öndürýän önümlerine çyzykly şertli belgileriň (ştrih kodlaryň) bellenen tertipde goýulmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileri (ştrih kodlary) goýmak boýunça alnyp barylýan işleri 2017-nji ýyla çenli doly tamamlamak bellenildi.

Maslahata gatnaşanlaryň belleýişleri ýaly, her bir önüm öndüriji özüniň öndürýän önüminiň çaltark öz sarp edijisini tapmagyna gyzyklanma bildirýär. Harytlara şertli belgileri ulanýan önüm öndürijiler özleriniň önümlerini taýýarlamaga hem-de çalt we arzan bahadan ýerlemäge mümkinçilige eýe bolýarlar. Netijede bolsa, onuň hem içerki bazarda, şeýle hem daşky bazarda bäsleşige ukyplylygy ýokarlanýar. Önümlere şertli belgileriň goýulmagy onuň hasabatyny, daşalşyny, saklanyşyny, satuwda kassa hyzmatyny awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.