Ýuruduň 860 müň gektar meýdanyna ekilen bugdaý maýsalary şu gynler güýç toplap, başaklap başladyalr.
Bugdaýa toplumlaýyn ideg etmek – nobatdaky suwaryş, mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, hapa-haşal otlardan arassalamak, zyýan beriji mör-möjeklere we kesellere garşy göreş işleri dowam etdirilýär. Ekerançylaryň geljekki bol hasyl baradaky aladalaryny “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň hünärmenleri deň paýlaşýaralr. Ekin meýdanlarynda pürküjili, tirkegli we kömekçi tehnikaly traktorlaryň bir ýarym müňden hem gowragy netijeli işledilýär.
Şu ýyl bugdaýdan bol hasyl almaga garaşylýar. Güýzlik bugdaýlaryň başak toplaýyşlaryna laýyklykda, hünärmenler geljekki hasylyň möçberiene baha berip bilýärler. Eýýäm olar ýurduň birnäçe sebitlerinde geçen ýyl bilen deňeşdirilende bugdaýdan gyradeň we berk gögeriş alynandygyny belleýärler. Geçen güýzde umumylykda bugdaýyň ýumşak we gaty görnüşleriniň 198 müň tonna tohumy ekin meýdanlaryna ekildi.
Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri ekilip gelinýän bugdaýyň “Batko” görnüşi ekilen bugdaýyň köp bölegini – 188 müň gektar meýdany eýeleýär. Russiýanyň Stawropol ülkesinden getirilen bugdaýyň bu görnüşi özüniň gögeriş, kesele garşy durnuklylygy, ýokary hasyllylygy bilen görkezdi.
Bugdaýyň oňat hilli görnüşleriniň biri bolan “Sähraýy” görnüşi 174 müň gektar meýdana ekildi. Soňky ýyllarda özüniň ýokary hasyllylygyny görkezen ýurtda özleşdirilen “Ýölöten-1” görnüşi 127 müň gektar meýdana ekildi. Bugdaýyň ýurtda işlenilip taýýarlanan we 84 müň getara ekilen “Bitarap” we 73 müň gektar meýdana ekilen “Juwan” görnüşleri hem daýhanlary özleriniň hasyllylygy bilen yzygiderli begendirip gelýär.
Şeýle hem ekilýän bugdaýlaryň “Türkmenbaşy-1”, “Ýolöten-3”, “Ýubileýnaýa-100”, şeýle hem ýerli “Miras” we “Akbaş” ýaly täze görnüşleri we russiýanyň “Kuripinka” görnüşleri özlerini gowy tarapdan görkezmegi başardylar.
Eýýäm türkmen topragyna iki ýyl bäri ekilýän bugdaýyň stawropol tohumlarynyň üçüsi – “Nota”, “Irişka” we “Wassa” ýurduň howa şertlerine gowy hilli uýgunlaşdylar. Hasylyň soňky oragynyň netijeleri boýunça bugdaýyň “Nota” görnüşiniň hasyllylygy her gektardan 45,2 sentner, “Wassa” 37,5 sentnerden we “Irişka” 35 sentnerden hasyl berdi.
Türkmen ekerançylary şu ýyl 1 million 600 müň tona hasyl almagy maksat edinýärler.