Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen arassalanan benzini, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, binýatlyk ýagyny satyn aldylar. Mundan başga-da, ABŞ-dan we Hytaýdan gelen işewürler tehniki uglerody we ýody (“Türkmenhimiýa” DK), Gazagystanly telekeçiler bolsa suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) aldylar. Şeýle hem azyklyk bugdaý, pagta süýümi, pagta linti daşary ýurt puluna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Lihtenşteýn, Owganystan we beýlekiler boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 79 million 114 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Çehiýanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri arassalanan pagta ýagyny, taýýar dokma önümlerini, nah ýüplügi, saryja goýunlarynyň ýuwulan ýüňüni, şeýle hem ýük awtoulagyny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 8 million 780 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri ýük göteriji we gurluşyk tehnikasyny, süýüm übtügini satyn aldylar. Satylan harytlaryň umumy bahasy 149 müň manatdan gowrak boldy.