Ï Türkmen-ermeni işewürler maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-ermeni işewürler maslahaty

view-icon 972
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” ieşwürlik merkezinde Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň Türkmenistana bolan resmi saparyna gabatlanan türkmen-ermeni işewürler maslahaty geçirildi.

Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada dostlukly ýurduň wekilçilikli topary geldi. Onuň düzüminde ýurduň hökümet düzüminiň ýolbaşçylary, işewürler, Ermenistan Respublikasynyň Ösüş agentliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, 20-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalaryň, maliýe ulgamynda, senagat önümçiliginde, akkumulýator batareýalaryny, ulag tigirlerini öndürmekde, ýeňil we azyk senagatynda, kompýuter tehnologiýalar ulgamynda, logistikada, zergärçilik işinde, syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşen düzümleriň wekilleri bar. Türkmen tarapyndan maslahata hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Işewürler maslahatynyň Prezident Serž Sargsýanyň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçirilmegi maslahata özboluşly dereje berdi. Munuň özi Ermenistan Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge bolan çynlakaý gatnaşyklarynyň kepili bolan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ermenistan Respublikasynyň toparynyň wekilleri öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine bu işewürler maslahatynyň netijeli guralmagyna ýardam berendigi we ermeni wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de täze taryhy eýýamda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde, bar bolan kuwwatlyklary uzakmöhletleýin esasda durmuşa geçirmek boýunça täze çemeleşmeleri anyklamakda bu maslahatyň uly ähmiýetiniň bolandygyny nygtadylar.

Şeýle hem duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak nukdaýanazyrdan bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda işjeň ösdürilýän gatnaşyklary nazara almak bilen, uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Taraplaryň bilelikdäki tagallalary özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer we iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň giňeldilmegine täze itergi berer.

Türkmen tarapynyň wekilleri öz gezeginde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we ýeten derejesi, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada çykyş etdiler. Häzirki döwürde ylmyň we hünär bilminiň, täze tehnologiýalaryň we önümçiligi guramagyň usullarynyň, maýa goýumlary höweslendirmegiň utgaşdyrylmagyna daýanýan ykdysadyýetiň senagat taýdan milli nusgasynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellendi. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzda giň möçberli möhüm wezipeleri çözmäge, senagatyň gaýtadan işleýän pudagyny, döwrebap düzümi we hyzmatlar ulgamyny ýokary derejede ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmäge ukyply köpugurly ykdysady ulgamyň kemala gelmegini şertlendirdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary görkezijileri munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 10 göterimden gowrak derejede durnukly saklanýar. Bu görkezijini döwletiň çeýe maýa goýum syýasaty we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilýän möçberleriniň artmagy üpjün etdi. Türkmenistanyň amatly ýerleşmegi, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, ýokary ykdysady ösüş, kuwwatly serişde binýady, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasaty we ýurdumyzda döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýy köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalarynyň möhüm şertidir.

Häzirki döwürde türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasy birnäçe gezek abraýly halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň bilermenleriniň ýokary baha bermeginde tassyklandy. Olaryň hatarynda Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky we beýlekiler bar.

Maslahatyň barşynda görkezilen wideofilm Türkmenistanyň häzirki makro-ykdysady ýagdaýyny, ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň eksport kuwwatyny äşgär etdi we Türkmenistanda işewürligi alyp barmagyň ägirt uly geljegi barada giňişleýin maglumat almaga şert döretdi.

Duşuşygyň barşynda Ermenistan Respublikasynyň ykdysadyýetine bagyşlanan giňişleýin tanyşdyryş geçirildi. Dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň wekilleri maýa goýum işini alyp barmak üçin ähli amatly şertler döredilen türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny bellemek bilen, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, dürli pudaklarda gatnaşyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň bellemegine görä, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyrylmagy, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, iri halkara maliýe we işewürlik düzümlerini giňden çekmek bilen baglanyşykly çäreleri durmuşa geçirmek arkaly birnäçe möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki işiň oňyn tejribesi toplandy. Şunda Türkmenistanyň iri maýa goýumy, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmäge, halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikalaryny we enjamlaryny getirmäge meýillidigi nygtaldy. Türkmen önüm öndürijileri öz gezeginde ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlary Ermenistan Respublikasynyň eksport etmäge taýýardygyny aýtdylar.

Şeýle hem maslahatda ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň arasynda 2010-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklara uly üns berdiler. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek babatdaky giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bu ulgamyň ösdürilmegi babatda täze mümkinçilikleri we garaýyşlary emele getirýär. Özara gatnaşyklaryň bu ugry Ermenistanyň ykdysadyýetinde sazlaşykly ugur bolup durýandygy nukdaýnazaryndan has-da geljegi uly ugur hökmünde kesgitlendi.

Hususy telekeçiligiň derejesindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. 2014-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşinde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň görkezijisi 58,3 göterime barabar boldy, 2020-nji ýyla çenli bu görkezijini 70 göterime çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Yzygiderli esasda geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalar, duşuşyklar, işewürlik maslahatlary iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň ýakynlaşmagynyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär.

Ermenistandan gelen myhmanlar bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde Ermensitan Respublikasynda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy. Onda zergärçilik önümleri, ýeňil we azyk senagatynyň, obasenagat toplumynyň önümleri, kompýuter tehnologiýalary görkezildi. Şeýle hem onda dostlukly ýurduň syýahatçylyk ulgamynda ýeten derejeleri bilen tanyşdyrýan gymmatlyklar goýulypdyr.