Balkan welaýatynyň deňiz kenarynda Türkmenbaşy etrabynyň merkeziniň golaýynda gurluşygy bir ýyl mundan ozal başlanan tirana balyklaryny emeli taýdan köpeltmek, işbil almak we tirana balyklaryny we balyklaryň beýleki görnüşlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhananyň gurluşygy dowam edýär. Önümçilik toplumy her ýylda tirana balyklarynyň 100 tonna etini we 2 tonna işbilini, 40 tonna kakadylan balygy we Hazar deňzinden we ýurduň beýleki suw howdanlaryndan tutulýan senagat balyklarynyň dürli görnüşlerinden taýýarlanylýan konserwleriň 10 million sanysyny öndürmäge niýetlenendir. Şunlukda kärhada umumy öndürilýän önümleriň tirana balyklaryna düşýän paýy 70, çöke balyklaryňky – 20, doky balyklaryňky – 10 göterime deň bolýar
Taslama ýurduň ykdysadyýetine gatnaşmagyny işjeň giňeldýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine tabşyryldy. Taslamany iş ýüzünde ýörite döredilen “Hazar balyk” açyk görnüşly paýdarlar jemgyýeti we gurluşygy alnyp barylýan kärhananyň müdirligi dolandyrýar. Balykçylyk-gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygyny “Myradym” türkmen hususy kärhanasy alyp barýar. Iri göwrümli desganyň gurluşygy Birleşmäniň agzalarynyň serişdeleriniň we döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karz pul serişdeleriniň hem-de ýurtda telekeçiligi ösdürmek babatda geçirilýän höweslendiriş çäreleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Tirana balyklaryny köpeltmek we balyk önümlerini öndürýän bu kärhananyň gurluşygynda ýokary öndürijilikli tehnikalar işledilýär hem-de gurluşykçylaryň 200-den gowragy zähmet çekýärler. Altmyş müň inedördül metr meýdany tutýan bu gurluşykda bir wagtyň özünde desgaklaryň 200-den gowragy gurulýar. Desgalaryň köpüsinde seýsmiki we gidrologiki aýratynlyklaryna bildirlýän talaplaryň ýerine ýetirilmegi bilen, nul sikller tamamlandy.
Transformator kiçi beketleriň ikisiniň we suw beketli bug gazanynyň gurluşygynda beton karkaslary guýuldy, diwarlary kerpiç bilen galdyrylýar, üçegi örtmek we sement guýmak işleri alnyp barylýar. Bu ýerde, tehniki blogyň çäklerinde, önümçilik we hojalyk-durmuş zerurlyklary üçin arassa we deňiz suwlaryna niýetlenen demirbeton uly gaplar gurulýar. Energiýa serişdeleriniň özbaşdak desgalaryndan önümçilik binalaryna hem-de gurluşygy alnyp barylýan kärhana çenli kommunikasiýa liniýalarynyň tehniki galareýasy çekilýär.
On bir ýarym müň inedördül metr mebdany eýeleýän we perimetriniň uzynlygy 480 metr bolan gurluşygyň iň uly böleginde haýat perimetrleri we tirana balyklaryny köpeltmek boýunça bölümleriň içerki sütünleri galdyryldy. Beton diregleriniň ýokarky bölekleri berk kompozit materiallardan ýeňil üçeg üçin demir fermleri gurnamaga taýýarlaýarlar. Dört ýarym müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän balyk önümlerini gaýtadan işleýän we könserwirleýän bölümde lenta binýadyny guýmak işleri tamamlanyp barýar hem-de armirlenen sütünleri çykarmak işlerine başlanyldy. Iki gatdan ybarat bolan dolandyryş binasynyň gurluşygynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp barýar. Binanyň planlaşdyryş we bezeg işlerine girişildi. Kommunikasiýalara inženerçilik taýýarlygy utgaşykly alnyp barylýar
Buýurjymyň tehniki wekili her günde taslama işleriniň ýerine ýetirilişini barlap durýar. Gurluşykda Germaniýaly, Daniýaly, Ispaniýaly, Polşaly, Türkiýeli hünärmenler maslahat beriji we bilermen hökmünde işleýärler. Olar innowasion tehnologiki enjamlary taýýarlaýan we getirýän kompaniýalara wekilçilik edýärler.
Tirana balyklaryny emeli usulda köpeldilýän bölüminiň birnäçe funksional baglanyşykdan ybarat bolan önümçilik meýdançasy tirana balyklaryny köpeltmegiň we ösdürmegiň möwsümleýin tapgyrlary ýerine ýetirilende tebigy şertleriň yzygiderliligi dörediler. Balyklary inkubasiýadan tä ulalýançalar ösdürip ýetişdirmek üçin içerki bölümleriň gaplar ulgamynda ähli tapgyrlarda temperatura-duzly ýagdaýy saklanar.
Özbaşdak suw üpjünçiligini ulanmak bilen, balygy köpeltmegiň iň täze tehnologiýasy balyklaryň çalt ösüp ýetişmeklerine şertleri döreder. Uly ykdysady netijeliligi bilen tapawutlanaýan bu usul häzirlikçe diňe ýewropanyň ösen ýurtlarynda ulanylýar. Onuň ösen usuly ösdürilip ýetişdirilýän tirana balyklarynyň işbilini bäş ýyldan soň almaga mümkinçilik berýär. Beýleki öndürijilerde oňa 7-8 ýyl sarp edilýär. Iş meýilnamasynda geljekde bu gurulýan kärhananyň ýaşajyk tirana balyklary bilen ýurduň we daşary ýurtlaryň emeli we tebigy suw howdanlaryny balyk bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.