Ýurduň umumy meýdany 545 müň gektar bolan gowaça ekiljek meýdanynda Türkmenistanyň dört welaýatynda mart aýynyň ahyrynda badalga alan ekiş möwsümi barha güýçli depgine eýe bolýar. Aprel aýynyň başlanmagy bilen ýurduň demirgazyk wekaýatynda hem gowaça ekişine girişildi. Häzirki güne çenli gowaça ekiljek meýdanyň dörtden bir böleginden gowrak ýerde gowaça ekildi. Her günde 20 müň gektar meýdanda gowaça ekişi geçirilýär. Bu bolsa umumy ekiljek meýdanyň 3,5% tutýar.
Bu möhüm oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pagtaçylaryň, kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallalary güýçlendirlendir. Gowaça ekilýän meýdanlarda “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň tehnikalary netijeli işledilýär. Ekin meýdanlarynda sürüm traktorlarynyň 5 müňsi töweregi we gowaça ekiji tehnikalaryň 2 müňüsi, şeýle hem kultiwatorlar we beýleki kömekçi tehnikalar işledilýär. Gerek bolan mineral dökünleri we gowaça tohumy bilen “Türkmenhimiýa” we “Türkmenpagta” Döwlet konsernleri üpjün edýär.
Ýurduň günorta sebtinde – Ahal welaýatynda gowaça ekişi umumylykda 120 müň gektar ýerde geçiriler. Mary welaýatynda 165 müň gektar, Lebap welaýatynda 120 müň gektar, Daşoguz welaýatynda 140 müň gektar meýdanda gowaça ekişi geçiriler.
Gowaça ekiljek meýdanlar agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirildi. Sürüm, suwaryş, topragy işläp taýýarlamak, keş çekmek, mineral we organiki dökünlerini bermek işleri öz wagtynda geçirildi.
Ekiş möwsümine 65 müň tonnadan gowrak tohum taýýar edildi. Gowaça ekilende olaryň ýurduň sebitleriniň howa-toprak şertlerine uýgunlaşan görnüşleri ekilýär. Olardan gowaçanyň orta süýümli görnüşlerinden Türkmenistanyň ahli sebitlerinde ekilýän “149F”, “133F”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”,”Ýolöten-39” görnüşlerini görkezmek bolar. Gowaçanyň ýurduň diňe Ahal we Mary welaýatlarynda ekilýän inçe süýümlilerinden “Ýolöten-14”,’’Ýolöten-32” görnüşlerini görkezmek bolar.
Gowaça ekişini şu aýyň ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şu günler ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynda dowam edýän geçen ýylyň hasylyny gaýtadan işlemegi hem gowaça ekişi bilen bir wagtyň özünde tamamlamak meýilleşdirilýär. Ekerançylar şu ýyl, geçen ýylda bolşy ýaly, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmegi maksat edinýärler.