Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 963
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Eýrandan, Owganystandan, Singapurdan, Gankongdan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, göni arassalaýyşdan geçirilen benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gaç satyn aldylar. Bulardan başga-da, Estoniýadan gelen täjirlere suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK), Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçilere tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyldy. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaýy, polipropilen haltalar, pagta-süýümi we pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Hytaý, Şweýsariýa, Türkiýe, Owganystan, Lihtenşteýin, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 163 million 483 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Şotlandiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 11 million 227 müň manatlykdan gowrak arassalanylan pagta ýagyny, jorap önümlerini, nah ýüplügi, saryja we garaköli goýunlaryň ýüňüni, saryuny satyn aldylar.