Ï Ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça çäreler bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça çäreler bellenildi

view-icon 990
Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda öňe süren wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Oňa ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň,degişli pudak edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň we beýleki edaralaryň, kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 10-njy aprelinde geçiren maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giňden döwrebaplaşdyrmak, onuň serişde binýadyny giňeltmek, taýýar önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, täze kuwwatlyklaryň gurluşygyny alyp barmak boýunça birnäçe wezipeleri kesgitledi.

Hususan-da. milli Liderimiz, gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny has-da ösdürmek, degişli senagat düzümlerini we hyzmat önümçiligini döretmek maksady bilen, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegiň ýola goýulmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara tebigy gazdan benzin, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, ugurdaş gazdan bosa polietileni, polipropileni, sintetik nebiti öndürmek boýunça degişli düzümiň gurluşygynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýurdumyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň we beýleki önümleriň önümçiliginiň strategik meýilnamalaryny işläp taýýarlamak barada aýtmak bilen, ýeterlik gorlary bolan gury ýerdäki känlerini, Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmegiň uzakmöhletleýin meýilnamalaryny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi we munuň ýangyç-energetika toplumynyň sazlaşykly ösüşini şertlendirjekdigini aýtdy.

Şeýle hem maslahatyň barşynda milli Liderimiz Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini, Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmegini, Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji tapgyrynyň tamamlanmagyny, gol çekilen şertnamalara laýyklykda Russiýa we Eýran ugry boýunça işleriň dowam etdirilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz täze nebitgaz ýataklarynyň durkuny täzelemek işlerini ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigy gazyň çykarylyşyny çaltlandyrmak maksady bilen, tutuş tehnologik düzümi nazara almak arkaly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň toplumlaýyn taslamasyny işläp taýýarlamak we ony tapgyrlaýyn esasda senagat taýdan gurmak zerurdyr. Onuň ikinji tapgyrynda 2018-nji ýyla çenli tebigy gazyň çykarylýan möçberini 30 milliard kub metre ýetirmegi ugur edinýän işler öz möhletinde tamamlanmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz beýleki möhüm wezipeleriň hatarynda oýlap tapmalar we açyşlar boýunça alymlaryň işniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ulgamdaky ýokary gazanylanlary önümçilige giňden ornaşdyrmak, beýleki ýurtlaryň abraýly institutlarynyň alymlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, daşary ýurtlaryň bu ugurdan baý tejribesi bolan kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak, hünärmenleri okatmak we olary hünär taýdan kämilleşdirmek, dünýäniň oňyn tejribesini yzygiderli öwrenmek we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek wezipelerini kesgitledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy baýlyklarymyzyň senagat taýdan çykarylýan möçberlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň täze ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça gözleg işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda islendik taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň hemişe üns merkezinde durmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz nebitgaz pudagy mili ykdysadýetimiziň binýatlaýyn ulgamydygyny we döwlet syýaSatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtamak bilen, ýolbaşçylaryň ünsüni pudaklaýyn edaralaryň we guramalaryň önümçilik meýilnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, maliýe-ykdysady görkezijiler boýunça ýokary ösüşiň we önümleriň girdejiliginiň üpjün edilmegine çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, täze düzümleýin desgalary gurmak, nebitiň we gazyň baý ýataklaryny ýüze çykarmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ýöredýän syýasaty esasynda pudagyň innowasion işläp taýýarlamalar we ýangyç-energetika toplumynyň giň gerime we halkara derejesinde uly ähmiýete eýe bolan çylşyrymly inžener-tehniki desgalaryny gurmak boýunça taslamalar bilen üpjün edilmegine gönükdirilen ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek ugrundaky işlere aýratyn ähmiýet berdiler.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we diňe bir Türkmenistandan energiýa serişdelerine bolan islegiň yzygiderli artýan sebiti bolan Günorta Aziýa ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin ugradylmagyny üpjün etmäge däl, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin kuwwatly gurala öwrülmegine gönükdirilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň uly ähmiýete eýedigini bellediler.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň tebigy gazyň eksport kuwwatynyň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen. türkmen tebigy gazynyň beýleki ugurlar, şol sanda ýewropa ugry boýunça eksport edilmegi, diňe bir sebitara oňyn hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna däl, eýsem dünýä bileleşiginiň öňünde durýan ählumumy meseleleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny bolan ugurlaryň ösdürilmegine möhüm goşantdyr.

Çykyşlarda döwletimiziň nebitgaz pudagyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän çärelerine aýratyn ähmiýet berildi we munuň serişde binýadynyň pugtalanmagyny, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan we gaýtadan işlenýän möçberleriniň ýokarlanmagyny, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň köp görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýulmagyny şertlendirendigi bellenildi. Bu ugra döwlet tarapyndan berilýän goldaw barha artýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek býounça maksatnamalaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ýaýbaňdyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda ukyp-başarnkylaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumy öz ösüşinde täze kuwwatly itergä eýe boldy. Türkmenistanyň açyklyk esaslaryna daýanýan daşary syýasaty, baý tebigy serişdeleri, ýurdumyzda döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýy ähli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.