Türkmenstanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ygtyýaryna ähli oňaýlyklary bolan ýolagly wagonlarynyň nobatdaky tapgyry geldi. “Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunyça 2012-2016-njy ýllar üçin maksatnamany” ýerine ýetirmegiň çäklerinde demir ýol ulaglary edarasynyň tehniki parkynyň düýpgöter täzelenilmegi ýurdumyzda ýolagçylaryň gatnadylyşynyň möçberiniň artmagyna, ilata edilýän hyzmatlaryň hliniň ýokarlandyrylmagyna gönünkdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda Türkmenistany sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän dürli ulag düzümini döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça bu ulgamda uly möçberli maýa goýumly taslamalar, şol sanda ýurdumyzda ulanylýan demir ýollary döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
“Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär, bular Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi, Gunorta we Günorta - Gündogar Aziýanyň bazarlaryna amatly ýol açýar. Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň amatly ýerde ýerleşýändigini we Ýewraziýa tarap geçýän möhüm ähmiýetli söwda ýollarynyň geçýändigini göz öňünde tutanyňda, ýurdumyz dünýäde aragatnaşyk babatdaky giňişlikde wajyp ähmiýetli düzüm bolup durýar. Täze taryhy eýýamda yklymüsti ulag ugurlarynyň çatrygy hökmünde ýurdumyzyň ähmiýeti has-da artdy. Soňky ýyllarda demir ýollaryň milli ulgamy giňeldi, ýurdumyzyň sebitleriniň yzygiderli ösdürilmegi bilen bir hatarda halkara ulag gatnawy pugtalandy.
Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transmilli demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy muňa aýdyň mysal bolup biler, şonuň amala aşyrylmagy sebitdäki ähli ýurtlara ykdysady taýdan peýda gazanmak we deňhukukly hyzmatdaşylk etmek şertleirinde hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Ýeri gelende aýtsak, täze demir ýoluň Uzen (Gazagystan) demir ýol menzilinden Bereket şäherine (Türkmenistan) çenli ilkinji bölegi 2013-nji ýylyň maýynda ulanmaga berildi. Munuň özi bu giň gerimli taslamany amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Şu ýylda Türkmenstanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleri bu ýoluň günortadaky böleginde - Bereket şäherinden Etrek etrabynyň dolandyryş merkezine çenli uzynlygy 232 kilometrilk böleginde gurluşyk işlerini tamamladylar. Häzirki wagtda bu ýerde “Däneata”, “Döwletýar”, “Bugdaýly”, “Balguýy”, “Madaw”, “Akjadepe”, “Etrek” demir ýol menzillerinde düzüme degişli desgalary gurmak batly depgin bilen alnyp barylýar. Bulardan başga-da, Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde – Balkanabat şäherinde demir ýol menzili gurulýar.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň demirýolçulary şu ýylky tomus möwsümine ykjam taýýarlyk görýär. Türkmenistanlylaryň, ýakynda we uzakda ýerleşýän daşary ýurtly köp sanly myhmanlaryň dynç alynýan belli-belli ýerler, ilkinji nobatda, Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy babatda bildirýän gyzyklanmasynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça gatnaýan ýolagçy otlularyna aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza täze ýolagçy wagonlarynyň getirilmegi ulag ulgamynyň işgärlperiniň işine degerli badalga berer. Bu wagonlar ýolagçylar üçin amatlyldyr hem-de olaryň begegi göwnejaýdyr.
Mahdasy, ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlar, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ähmiýetli ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnamadyr.