Ï Ekinlere ideg işleri geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekinlere ideg işleri geçirilýär

view-icon 1093
Mary welaýatynyň gant şugundury ekilen meýdanlarynda oňat hilli gögeriş alyndy. Ekinlere ideg işleri – mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, hatararalaryny bejermek, ösüş suwuny bermek, haşal otlara we zyýan berijilere garşy göreş işleri alnyp barylýar.

Adata görä 1 müň gektar meýdanda geçirilen ýazky ekiş fewral aýynyň ahrynda tamamlandy, hasyly ýygnamak işleri bolsa iýun aýynyň ahyrlarynda ýaýbaňlandyrylar.. Adatça gant şugundyry ýylda iki sapar – ýaz paslynda hem-de tomusda bugdaý oragyndan söňra ara ekini hökmünde ekilýär. Tomsuň ortalarynda gant şugundyry 13 müň 900 gektar meýdana ekiler. Güýzi hasyl ýygymy adatça oktýabr aýynyň ahyrynda badalga alýar.

Şeýlelik bilen, Mary welaýatynda gant şugundyryny ekmek üçin bölünip berlen meýdan 14 müň 900 gektara barabardyr. Gant şugundyry welaýatyň sekiz etrabynda – Garagum, Baýramaly, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Murgap we Türkmengala etraplarynda ekiler.

Mundan hem başga gant şugundyry beýleki bir sebitde hem ekiler. Bu ekiniň güýzki ekişi Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynda üç müň gektar meýdana ekiler.

Gant şugundyryny gaýtadan işlemek we şekeriň önümçiligi Mary sebtinde ýerleşýän ýurduň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň “Maryşeker ” paýdarlar jemgyýetinde ýola goýulandyr.

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi bu pudagyň ösdürilmegini, önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmagyny we giňeldilmegini, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirilmeginiň möçberini artdyrylmagyny üpjün edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda gije-gündüziň dowamynda 4000 tonna gat şugundyryny gaýtadan işleýän we 600 tonna şeker öndürbän häzirki zaman şeker kärhanasynyň taslamasyny düzmek we gurup bermek barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Iri senagat desgasynyň ulanylmaga berilmegi ýurtda öndürilýän şeker ňnümleri bilen ýurdy üpüjün etmäge şert döreder.