Ï Türkmenistanyň ýolagçy howa parkynyň üsti ýetirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýolagçy howa parkynyň üsti ýetirilýär

view-icon 698
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň flotiliýasyna bütin dünýä meşhur “Boeing” amerikan korporasiýasynyň nobatdaky häzirki zaman howa gämisi gelip gowuşdy. Şu gün täze “Boeing 777-200 LR” uçary şu ýyl Türkmenistanyň buýurmasy boýunça ABŞ-da gurlan bu kysymdaky ikinji uçar paýtagtymyzyň halkara howa menziline gondy.

Türkmen awiatorlary köp ýurtlar we yklymlar bilen halkara ýolagçy howa gatnawlaryny ösdürmegi ilkinji nobatda “Boing 777-200 LR” uçaryny ulanmak bilen baglanyşdyrýarlar. Bu kysymdaky uçarlar içki gurluşyna baglylykda 305-den 550-ä çenli ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr we 9100 kilometrden 17500 kilometre çenli uçuş uzaklygy bardyr. “Boeing 777” uçarynda ýolagçy uçarlary üçin uzaklygyň aýrybaş çägi 21601 kilometre barabardyr. Olar ýolagçylara dürli yklymlara uçmaga mümkinçilik berýär.


Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, sebäbi raýat awiasiýasyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun degişlidir. Howa ulagynyň hyzmatlarynyň dünýä bazaryna goşulyşmak bilen, ol Garaşsyz Türkmenistana daşary ýurtlarda wekilçilik edip, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatyny ýörediji hem bolup çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 17-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy üçin “Boeing-737-800” kysymly uçarlary satyn almaga degişli karara gol çekdi, şoňa laýyklykda, raýat awiasiýasynyň howa parkyna bu görnüşdäki uçarlaryň üçüsi goşuldy. Iň täze uçuş tehnikasyny peýdalanmak ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatyny ep-esli artdyrar hem-de ýük daşamaga we ýolagçy gatnatmaga hyzmatyň derejesini has-da gowulandyrmagy üpjün eder.

Şeýlelikde, türkmen uçarmanlary halkara ýolagçy gatnawlarynyň çäklerini has-da giňeldip we uçuşlaryň ýygylygyny artdyryp bilerler, munuň bolsa Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty babatda möhüm ähmiýeti bardyr.