Ï Türkmenistan tölegleriň elektron ulgamyny döwrebaplaşdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan tölegleriň elektron ulgamyny döwrebaplaşdyrýar

view-icon 3858
Mälim bolşy ýaly, bazar ýörelgeleri esasynda guralan ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň barşynda bank ulgamynyň kämilleşdirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny ösdürmegiň strategiýasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bank ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere laýyklykda, banklaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen manadynyň hümmetini pugtalandyrmak, karz bermegiň we ilatyň pul goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy, hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy usullary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap ulgamyny döretmäge, bank kartlaryny peýdalanmak bilen işleriň görnüşlerini we möçberini köpeltmäge, elektron hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de olaryň goraglylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär.

Ine, şu ýylyň 24-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky meselä garaldy. Hususan-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak, harytlar/hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça, Internet arkaly petekleri satyn almak we beýlekiler boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň daşary ykdysady iş döwlet banky bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň MasterCard kompaniýasynyň arasynda Ygtyýarlandyryş ylalaşygyna laýyklykda MasterCard halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.


Eýýäm häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda töleg dolanyşygynda plastik kartlar peýdalanylýar. Olar nagt däl hasaplaşyklaryň serişdesi hökmünde ilkinji gezek 50-nji ýyllaryň sepgitlerinde ABŞ-da peýda boldy. Plastik kartlar bilen geçirilýän işler müşderilere maliýe hyzmatlaryny etmegiň täze mümkinçiliklerini açdy we degişlilikde kartlar boýunça geçirilýän işlerden alynýan haklaryň hasabyna bankyň girdeji almagynyň mümkinçiliklerini giňeltdi, täze görnüşli hyzmatlary we beýlekileri hödürlemegiň hasabyna müşderileriň sanynyň köpelmegine ýardam etdi. Häzirki zamanda plastik kartlar pul dolanyşygyny guramakda köp döwletlerde öňdäki orunlary ynamly eýeleýär.

Häzirki wagtda “Visa” we “MasterCard” ýaly halkara töleg ulgamynyň plastik kartlary dünýäde iň meşhur bolup durýar. Dünýäniň maliýe bazarynda bu kompaniýalaryň abraýy okgunly artýar. Muňa VISANYŇ paýyna dünýäde töleg kartlarynyň 50 göterimden gowragynyň, MasterCardyň paýyna bolsa 26 göterimiň düşmegi tassyknama bolup hyzmat edýär. MasterCard ulgamynyň üsti bilen geçirilýän maliýe işleriniň möçberi her ýylda ABŞ-nyň 23 milliard dollaryna barabar bolýar.

Munuň özi bütin dünýäde adamlaryň barha we barha köp sanlysynyň nagt pullary ulanmagy goýup, plastik kartlary peýdalanmak isleýändigini tassyklaýar. Plastik kartlaryň ulanylmagy, gürrüňsiz, kagyz pullar bilen hasaplaşyklary geçirmekden uly artykmaçlyga eýedir.

Ilkinji nobatda, kartyň eýeleri üçin Visa we MasterCard kabul edilýän islendik ýerlerde olaryň öz hasabynda duran pul serişdeleri gije-gündiziň dowamynda elýeterli bolup durýar. Kartlaryň kömegi arkaly harydyň bahasyna deň bolan puly tölemek mümkin we gaýtargy almagyň zerurlygy ýok. Siz pulhanadaky we jübüňizdäki ownuk-uşak şaýlyklaryň ýoklugy bilen döreýän amatsyzlyklary aradan aýyrýar. Visa we MasterCardlary peýdalanyp, olaryň eýeleri bankomatda ýa-da bankyň bölüminde nagt pullary almak zerurlygyndan sowlup, haryt ýa-da hyzmat üçin hasaplaşygy çalt geçirip bilýärler.

Ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem syýahatçylyk we işewür saparlar amala aşyrylanda-da aýratyn artykmaçlyklar bardyr. Şu ýagdaýda plastik kartlaryň ulanylmagy iri pul serişdeleri ondan-oňa äkidilende, howpa uçramak ähtimallygy aradan aýrylýandygy bilen amatlydyr. Mundan başga-da, beýleki ýurtlar bilen serhetden geçilende, kartda bolan pul serişdelerini resmi yglan etmek gerek däl, şeýle hem karta goýlan pul serişdeleriniň haýsy walýutadadygyna garamazdan, hyzmatlaryň we harytlaryň tölegleri üçin olardan pul alnanda, barlan ýurduň walýutasynda amala aşyrylar. Awtomatik ýagdaýda töleg ulgamynyň ýeňillikleri boýunça konwertasiýa amala aşyrylar.

Howpsuzlyk babatda plastik kartlaryň artykmaçlyklary barada aýtsak, ýanyňda Visa ýa-da MasterCard kartlarynyň bolmagynyň nagt pullaryň bolmagyndan has amatlydygyny bellemek gerek—özge adamlar kartda näçe puluň bardygyny görmeýärler, ogurlanan kartdan peýdalanmak bolsa aňsat däl. Mundan başga-da, kart boýunça hasaplaşyk mahaly hasaplaşyk nagt däl usul arkaly geçirilýär we dessine dükanyň ýa-da hyzmat edilen bölümiň hasabyna geçýär. Kart ýitirilen ýa-da ogurlanan ýagdaýynda ony hiç kim peýdalanmaz ýaly etmek mümkin we soňra täzesini alyp bolýar—şunda pullar bankyň goragy astynda hasapda durýar.

Şeýle hem plastik kartlaryň eýeleriniň öz hasaplaryndaky maliýe serişdelerine gözegçilik etmek mümkinçilikleriniň bardygyny-da bellemek gerek. Olar degişli göçürmäni yzygiderli alyp bilerler. Onda haýsy gün, haýsy dükanda we näçe pul sarp edilendigi barada maglumatlar görkeziler. Mundan başga-da, köp bankomatlarda kartdaky deňeçerligiň ýagdaýy barada sorag-jogap almak mümkin. SMS-habarlary almak hyzmatyna ýazylmak kart boýunça geçirilen her bir işden soň, alnan puluň we kartda galan puluň möçberini tassyklaýan habary dessine almaga mümkinçilik berýär.

Visa we MasterCardy goşmak bilen islendik töleg kartlarynyň möhüm aýratynlygy kart ol kimiň adyna goýberilen bolsa, şonuň ulanyp bilýändigi bolup durýar.

Türkmenistanyň daşary ykdysady iş döwlet bankynda teswirleýişleri ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlaryna Visa kartlarynyň şu görnüşleri boýunça hyzmatlar hödürlenýär: Visa Electron, Visa Classis, Visa Gold we ýuridiki taraplar üçin Visa Business.

Mundan başga-da, MasterCard kartlaryny çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. Kartdan peýdalanýan her bir adam üçin onuň girdejilerine we maksatlaryna baglylykda, MasterCard – “MasterCard Maestro”, “MasterCard Standart”, “MasterCard Gold” hem-de edara görnüşli taraplar üçin "MasterCard Business” karlary işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara töleg ulgamynyň kartlarynyň her bir görnüşi üçin nusgalaryň dizaýny işlenip düzülýär.

Bu kartlaryň her görnüşi hakynda durup geçeliň.

MasterCard Maestro—bu başlangyç derejedäki kart bolup durýar we bankomatlarda nagt puly almak hem-de nagt pullaryň goýberilýän nokatlarynda ulanylýar, şeýle hem bu karty ulanýan söwda nokatlarynda töleg üçin kabul edilýär.

Ýakyn wagtda ýurdumyzda çykarylmagy göz öňünde tutulýan MasterCard kartynyň şu görnüşinde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolup durýan ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdiriler.

MasterCard Standart—MasterCard Worldwide halkara töleg ulgamynyň orta derejesiniň bank karty bolup, ol söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşmak, Internet arkaly harytlary we hyzmatlary satyn almak, şeýle hem uçuş peteklerini satyn almak we myhmanhanalaryň sargyt edilmegi we esasy şuňa meňzeş hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylýar.

MasterCard Standart kartynyň çykarylmaga göz öňünde tutulan görnüşinde 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak ýapyk binalarda we söweş sungatlary bоýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň şekillerini ýerleşdirmek teklip edilýär.

MasterCard Gold (Altyn) – Bu Altyn kart müşderiniň ýokary töleg ukyplylygyny kepillendirýär. MasterCard Standarda garanyňda has ýokary töleg ukyplylygynyň bolmagy bilen, bu kartyň eýelerine syýahatçylyk, awtoulaglary kireýine bermek, seýrek duş gelýän harytlary satyn almak we hyzmatlary hödürlemek ýaly ugurlarda ýeňillikler we artykmaçlyklar ýaly goşmaça hyzmatlar hödürlenýär. Düzgün bolşy ýaly, töleg ulgamynyň hökmany artçykmaçlyklary bilen birlikde, emitent banklar Gold kartynyň we has ýokary derejeli kartlaryň eýeleri üçin öz goşmaça hyzmatlaryny hödürleýärler. Bulardan başga-da, bu kartlaryň artykmaçlygyny nazara alanyňda olar bilen uly möçberli tölegleri amala aşyrmak mümkindir. Dünýä ýüzünde hyzmatlar, ýeňillikler we ýörite teklipler—bularyň hemmesi we beýlekiler Gold MasterCard halkara kartlarynyň eýelerine garaşýar.

MasterCard kartynyň bu görnüşiniň nusgalarynda biziň ýurdumyzyň halkara gatanşyklaryny aňladýan ýer şarynyň şekili ýerleşdiriler.

MasterCard Business — bu kart bolsa edara we kärhanalaryň wekilleri üçin hasaplaşyklarda ullanmak üçin çykarylýar. Bu kart işewür adamlar we kärhanalaryň daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolýan işgärleri üçin niýetlenip, kärhanalar üçin amatly bolýar. Kompaniýanyň görkezmesi boýunça kartlar belli bir işgäriň adyna resmileşdirilýär. Bu plastik kartlarda adaty kart görkezijilerinden we onuň eýesiniň adyndan başga-da, kompaniýanyň ady görkezilýär. Kartlar debet düzgünde işläp, Gold kartlarynyň ähli aýratynlyklaryna we artykmaçlyklaryna eýedir, ýagny myhmanhanalarda, awtoulaglary kireýine bermekde, restoranlarda, supermarketlerde we dükanlarda töleg üçin kabul edilýär.

MasterCard Business kartynyň görnüşinde Garagum çölüniň peýzažy ýerleşdiriler.

Türkmenistanda MasterCard plastik kartlarynyň dolanyşyga girizilmegi bilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň artmagyna garaşylýar. Bu bolsa öz gezeginde milli ykdysadyýetimize maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň artmagyna hem-de bank ulgamynyň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hyzmat eder, şeýle hem pes göterimler boýunça karz pullaryň berilmegi üçin şertler döreder.

Umuman, Türkmenistanda halkara töleg ulgamynyň, hususan-da, dünýä belli MasterCard kompaniýasynyň kartlarynyň ulanylmagy ýurdumyzyň raýatlaryna we myhmanlaryna söwda nokatlarynda we dürli hyzmatlary hödürleýän guramalarda tölegleri bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bu ýurdumyzyň banklaryna 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli ugurda tejribe toplamagyna ýardam eder.