Ï Uly göwrümli taslamanyň çäklerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uly göwrümli taslamanyň çäklerinde

view-icon 803
Aşgabatda paýtagtyň esasy ulag gatnaw ýollarynyň biri bolan şäheri kesip geçýän demirýoly bilen ugurdaş gidýän Gurbansoltan eje şaýolunyň durkuny täzelemek we ulag gatnawlaryny ýeňilleşdirýän desgalaryň gurluşyk işleri dowam edýär. Şäheriň bu böleginiň gurluşygyna umumy uzynlygy 59 kilometr bolan awtomagistrallaryň 12-niň durkunyň täzelenmegini göz öňünde tutýan iri göwrümli taslamanyň çäklerinde şu ýylyň başynda badalga berildi.

Şu günler Gurbansoltan eje şaýoly böleginde, onuň Köşi we Ostrowskiý köçeleriniň kesişýän ýerlerinde köprüni gurmak işleri dowam edýär. Çatyryklaryň bu köçä birigýän ýerleriniň gurluşygy bir wagtda alnyp barylýar. Gurluşygyň bu bölegini tamamlamak şu ýylyň awgust aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.


Gurbansoltan eje şaýolunyň bütin boýuna diýen ýaly ýoluň iki tarapy eýýäm boşadyldy hem-de bu çäkler gurluşygyň indiki tapgyry üçin taýýar edildi. Durky täzelenýän köçäniň umumy ini iki esseden hem ulalar. Ol ahyrynda ýoluň bütin dowamynda 32 metrden 46 metre çenli aralyga deň bolar. Bu ýerde 6-8 zolakly hereket meýilleşdirlýär. Ýoluň ugrunda, iki ugruň aralygynda ini 3 metr bolan bosket uzalar. Meýilnama laýyklykda, iki tarapdaky ýonýodalary üçin 2 metr ýer, şunça ölçegdäki ýer ýoluň gatnaw bölegini bölýän gazonlar üçin hem bölünip beriler.

Umuman, Gurbansoltan eje şaýolunyň bütin ugruna köprüleriň altysy gurlup, olatyň üçüsi üç derejeli we üçsi iki derejeli bolar. Ostrowskiý we Köşi köçeleriniň çatyryklarynda bölüjiler dörär. Awtoulaglara demirýoluny päsgelçiliksiz geçmäge şert döreden B.Annanow, Andalyp köçelerini, Bitarap Türkmenistan we A.Nyýazow şaýollaryny kesip geçýän öňki könelen köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň ýerine ulaglaryň geçmegine epesli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman köprüleri we ýerasty eçelgeleri emele geler. Husussanda, iň iri üç derejeli köpri şaýolunyň we demir ýolunyň B.Annanow köçesi bilen kesişýän ýerinde dörär.


Pyýadalar üçin amatly bolar ýaly, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurluşygy, esasan hem, köprüleriň golaýynda, şeýle hem ulag hereketleriniň köp adamly ýerleri kesip geçýän ýerlerinde, meselem, paýtagtyň bazarlarynyň golaýlarynda gurlar.

Gurluşygyň indiki tapgyryny Ostrowskiý köçesinden başlap A.Nyýazow şaýoluna çenli ýoluň böleginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýlelik bilen, şu günler bu iri göwrümli taslamanyň birinji tapgyry yzygiderlilikde amala aşyrylar. Onuň dowamynda Gurbansoltan ejem soňra Andalyp, B.Annanow, 10 ýyl abadançylyk we Magtymguly şaýolunyň bölekleriniň durky täzelener. Awtomobil köprüleriniň we ýollarynyň gurluşygyny ilkinji nobatda ulag herketiniň has köp ýerlerinde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Köçeleriň durky täzelenýän bölekleýin ýapylan ýerlerini aýlanyp geçmek üçin hem aýlaw ýollary öz wagtynda taýýarlanýar.

Eýýäm häzirki wagtda Gurbansoltan eje şaýolunyň we B.Annanow köçesiniň, Magtymguly şaýolunyň we B.Annanow köçeleriniň, Andalyp we Ýunus Emre köçeleriniň çatyryklarynda ulag hereketleri togtadyldy. Bu ýerleriň çäkleri awtoulag köprüleriniň gurluşygy üçin taýýarlanylýar.


Şeýle hem şäheriň baş köçeleriniň durkuny täzelemegiň iri göwrümli taslamasynyň çäklerinde köpri gurmak işleri şäheriň beýleki böleginde – A.Nyýazow şaýolunyň we Görogly köçesiniň çatrygynda hem alnyp barylýar. Ol Aşgabady gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň arhitektura toplumyna barýar. Häzirki wagtda bu desgada demirbeton işleri tamamlanyp, bezeg işleri alnyp abrylýar. Türk kompaniýalarynyň hünärmenleri bu desganyň gurluşygyny bellenen watyndan öň ýerine ýetirmegi – şu ýylyň tomus paslynyň ortalaryna tamamlamagy meýilleşdirýärler. Meýilnama laýyklykda, Görogly köçesi aşak düşer, durku täzelenen köprüli we ýerasty geçelgeli çatrykda girilýän we çykylýan goşmaça ýollar çekiler.


Türkmen paýtagtynda şunuň ýaly iri gurluşly taslamany işläp tüýýarlamak we durmuşa geçirmek Türkiýäniň «Nata» kompaniýasynyň hünärmenlerine ynanyldy. Şeýle hem hem onuň indiki ikinji tapgyrynda Oguzhan şaýolunyň, Ankara, Bekrewe, Gündogar we beýleki köçeleriň durky täzelener. Umuman, desgalarda köprüleriň 18-ni, ýerasty geçelgeleriň 39-ny we ýerüsti geçelgeleriň 15-ni gurmak wezipesi öňde durýar. Bu köp tapgrly taslamany doly amala aşyrmak 2016-njy ýylyň ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.