Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 758
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awto benzin, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy, ýakylýan mazudy satyn aldylar. Estoniýadan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaza (“Türkmengaz”DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna pagta süýümi, übtük we beýlekiler satyldy. Olary satyn alan ýurtlar Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur we Türkiýe. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 108 million 689 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen işewürler umumy bahasy 2 million manada golaý bolan pagta ýagyny, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri 623 müň manatdan gowrak gurluşyk tehnikalaryny, enjamlaryny we materiallaryny, azyklyk bugdaýy we übtügi satyn aldylar.