Ï Statistika boýunça pudagara geňeşiniň nobatdaky mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Statistika boýunça pudagara geňeşiniň nobatdaky mejlisi

view-icon 911
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň ýanynda döredilen Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi boldy. Oňa Geňeşiň agzalary we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, giň möçberli durmuş ulgamyna degişli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli statistikanyň hem mundan beýläk-de ösmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýetiniň guramalaryny we dolandyryş pudaklaryny hem-de beýleki sarp edijileri ýurdumyzyň hem-de onuň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşi hakynda halkara ülňülerine laýyk gelýän statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek üçin gazanylan netijeleriň binýadynda statistika edaralarynyň işini kämilleşdirmek häzirki döwürde Türkmenistanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýlip bellenildi.

2014-nji ýylyň başyndan statistika işine Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň täze wersiýasynyň ornşdyrylmagy bilen baglylykda, Geňeşiň agzalary bu mesele boýunça pikir alyşdylar. Häzirki wagtda NACE.Rev.2. wersiýasy boýunça bu klassifikatory özleşdirmek babatda işler alnyp barylýar. Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmekde hil taýdan täze döwür boldy. Kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň barşynda statistika usulyýetini halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça işleriň toplumy amala aşyryldy. Usulyýet we usuly işleriň ençemesi işlenip taýýarlandy we kämilleşdirildi. Şunda seçimleýin statistiki gözegçilikleriň usulyýet binýady berkidildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda statistika işini utgaşdyrmakda, statistika usullarynyň pudagara meselelerini kadalaşdyrmakda we pudaklaýyn statistikany alyp barmagyň meýilnamalaryny ylalaşmakda döwlet statistikasyny guramak üçin geňeşçi gurama bolup durýan Statistika boýunça pudagara geňeşine bu pudakda alnyp barylýan özgertmeler işinde möhüm orun degişlidir. Bir bitewi statistik klassifikatorlary ulanmakda maglumatlaryň bütewi ulgamyny döretmekde, maglumatlary ýygnamagyň we olary işläp taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ösdürmekde pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin teklipleri taýýarlamak, ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda statistikany alyp barmagyň meýilnamalaryna seretmek Geňeşiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Mejlisiň barşynda statistikanyň pudaga meselelerini çözmegiň dünýä tejribesi, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, statistik hasaba alyşdaky özgertmeleriň ýagdaýy, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň ygtyýarnamalar boýunça işleýän hojalyk subýektleriniň statistik hasaba alyş bilen gurşalyşy ýaly meselelere hem garaldy.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlise gatnaşyjylaryň pikirine görä, kabul edilen çözgütler statistika edaralarynyň statistiki hasabatlary berijiler hem-de statistiki habarlary peýdalanyjylar bilen ikitaraplaýyn arabaglanyşygy has netijeli ýola goýmak arkaly milli statistikanyň ösdürilmegine ýardam eder.