Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 762
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy, kerosini (uçar, yşyklandyryş, tehniki) satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan gelen işewürler tehniki magniý hloryny (“Türkmengaz”DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem pagta süýümi we pagta übtügi satyldy. Olary satyn alan ýurtlar Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 87 million 692 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Şotlandiýadan, Turkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Owganystandan, Ukrainadan, Azerbaýjandan gelen telekeçiler umumy bahasy 10 million manatdan gowrak bolan pagta ýagyny we arassalanan günebakar ýagyny, nah ýüplügi, regenerirlenen süýümi, çig ýüpek, pagta şrotyny satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 865 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy we polipropileni satyn aldylar.