Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalaýyşdan geçen benzini, polipropileni, ýangyç mazudy satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalaýyşdan geçen benzini, tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplügi, pagta-süýümi we gurluşyk tehnikasynyň ätiýaçlyk şaýlary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa we Birleşen Arap Emirlikleri. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 72 million dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 5 million manatlykdan gowrak köp tonna ýük göterýän awtoulag tehnikasyny, pagta ýagyny, azyk we dokma senagatynyň önümlerini, garaköli goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, 500 müň manatlykdan gowrak ulýuk satyn aldylar.