Balkan welaýatynda ýylda polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürýän gazhimiýa toplumy guralar. Önümiň bir bölegi daşary ýurtlara iberiler.
Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, türkmen tebigy gazyny gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli we dünýä standartlaryna laýyk gelýän gazhimiýa önüminiň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Balkan welaýatynda polietileni we polipropkeni öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan – Karyz alyja: Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky we maliýe guramalaryna gatnaşyjylara – Karz berijilere – 10 ýyl möhlet bilen degişli Karz ylalaşygyny; Koreýanyň eksport-import banky we maliýe guramalaryna gatnaşyjy bilen – karz berijiler – 10 ýyl möhlet bilen karz ugurlary hakynda degişli Ylalaşygy baglaşmaga, şeýle hem bu ylalaşyklar bilen baglanyşykly zerur resminamalara gol çekmäge we olaryň güýje girmegi hem-de dolandyrmak bilen bagly zerur bolan işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.
2013-nji ýylyň maý aýynda biziň ýurdumyzyň hökümet wekilýetiniň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň dowamynda polietileni we polipropileni öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny gurmak barada «Türkmengaz» Döwlet konserni, «LG International Corp», «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) we «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň arasynda üç taraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy.
Taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde polietileniň we polipropileniň önümçiligi üçin gerek bolan çig mallary almak üçin her ýylda tebigy gazyň 5 milliard kubmetrini gaýtadan işlemeli bolar. Bu möhüm çig malynyň önümçiliginden galan tebigy gazyň möçberi ýangyç hökmünde ulanmak üçin gaz geçiriji ulgamyna gönükdirler.