Ï “Altyn Asyr” ÝGPJ ykjam aragatnaşygyň hyzmatlarynyň çäklerini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Altyn Asyr” ÝGPJ ykjam aragatnaşygyň hyzmatlarynyň çäklerini giňeldýär

view-icon 1071
Ýurduň “Altyn Asyr” ÝGPJ ykjam aragatnaşyk operatory gün batareýalarynyň elektrik energiýasyndan iýmitlenýän mobil aragatnaşygyň täze binaýt beketleriniň hasabyna Garagumda aragatnaşyk bilen üpjün edýän zolagyny has giňelder. Hytaýyň «Huawei» kompaniýasynyň «Green site» tehnologiýasyny ulanýan synag beketleri eýýäm golaý geljekde uzakdaky sebitleri we Garagumyň içinden geçýän Aşgabat-Daşoguz gara ýoly ykjam aragatnaşyk bilen üpjün eder.

Ýurduň aragatnaşykçylarynyň dünýä belli önüm öndürijileri bolan «Huawei, Technologies Co., Ltd», «Nokia Solution Networks GmbH & Co.KG» , «Gündogar şemaly» ÝGPJ we beýleki kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekleri ykjam aragatnaşygyň iň häziki zaman enjamlaryny ulanmaga bermäge, TM GELL aragatnaşygynyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy döwlet kärhanasy hökmünde 2004-nji ýylda döredilen “Altyn Asyr” kompaniýasy geçen ýylda ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi. Bu günki gün “Altyn Asyr” paýdarlar jemgyýeti – Türkmenistanyň iri ykjam aragatnaşyk operatorydyr. GSM standartly ykjam aragatnaşyk operatorlarynyň Bütindünýä assosasiýasynda TM GELL ykjam aragatnaşyk ulgamy 438,02 indeks bilen hasaba alyndy. Geçen ýyllaryň dowamynda kompaniýa ýurduň welaýatlarynyň ählisinde binýat beket ulgamyny (BBU) herekete girizdi. Gür ilatly ýerleri ykjam aragatnaşyk bilen üpjün etdi.

BBU hemme ýerlerde oturdulmagy aragatnaşykçylara ykjam arahatnaşyk telefon bilen müşderileriň sanyny yzygiderli artdyrmaga we Internediň hem-de şekilli aragatnaşygyň ýokary tizligi bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Diňe dört ýylyň dowamynda “Altyn Asyr” ykjam aragatnaşygyň hyzmatlaryny ulanýan müşderileriň sany on esseden hem artdy. Häzirki wagtda “TM GELL” (Altyn Asyr) Garaşsyz Türkmenistanyň çäklerinde müşderileriň dört milliondan gowragyna hyzmat edýär. Ýurtda aragatnaşygy üpjün etmek üçin 2G, 3G, 4G enjamlary ulanylýar, dürli tarifler giňden ulanylýar. Häzirki wagtda “Altyn Asyr” halkara derejeli hyzmatlary müşderilere teklip edýär. Iri daşary ýurt operatorlary bilen uzak möhletleýin ylalaşyklar baglaşyldy.

Kompaniýanyň hünärmenleri Türkmenistanda ilkinji bolup UMTS üçünji standart neslini ulanyşa berdiler. Ol Internet ulgamynyň hyzmatlaryna ýokary tizlikli girmegi we radioaragatanşyk tehnologiýasyny birikdirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda maglumatlary bermegiň ýokary tizligini üpjün edýän ykjam aragatnaşygyň 4-nji neslini - LTÝE tehnologiýasyny ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. 4G ulgamy eýýäm ýurduň paýtagty Aşgabady we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny öz içine alýar. Bu ulgam ýurtda Inernetiň we sesli aragatnaşygyň maglumatlaryny simsiz bermekde ulanylýar. Türkmenistanda ýarym ýylyň dowamynda täze ulgamyň torunyň hyzmatyndan peýdalanmaga müşderileriň 90 müňden gowragy goşuldy.

Täze tehnologiýalar beýleki pudaklaryň köpüsinde hem giňden ulanylar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmekde olimpiýa şäherçesini gurmak biulen bir wagtyň özünde desgalarda “iň az” we “iň ýokary” binýat beketlerini oturtmak hem-de sazlamak işleri alnyp barylýar. Ol ýokary gatlardan ýerzemine çenli ýokary hilli aragatnaşyk bilen üpjün eder. Bu tehnologiýalary ýaşaýyş jaý etraplarynda gurulýan jaýlarda synag hökmünde ulanmak wezipesi öňde dur. Biziň hünärmenlerimiz ýük daşamak bilen meşgullanýan iri ulag kompaniýalarynda binýat beketler arkaly operatoprlary “GPS-treker” hyzmatyna birikdirdiler. Ol ulagy bütin ýurduň çäginde yzarlamaga mümkinçilik berer.

Ýurduň barmasy kyn bolan sebitlerini, ilkinji nobatda şu ýylyň noýabr aýynda ulanyşa berilmegi göz öňünde tutulýän türkmen emelei hemrasy telefon aragatnaşygynyň ýokary ygtybarlylygy we hili bilen üpjün eder. Kosmos hemrasy ulanylanda Türkmenistanda ulanylýan Internetiň tizligi köp esse artyp biler. Kosmos arkaly adatdan daşary ýagdaýlary tizden-tiz habar berip bolar, Aragatnaşygyň kosmiki enjamy ýurduň nebitgaz we beýleki pudaklaryny maglumatlary we şekilli maslahatlary bermegi hemra kanallary bilen üpjün eder.