Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde şanly senä – Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma pudagy ösüşiň täze tapgyrynda” atly halkara sergi öz işini tamamlady.
Her ýylda geçirilýän bu pudaklaýyn ykdysady forum sebitde ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli abraýly sergileriň möhüm ähmiýete eýedigini, bu pudakda gazanylanlary äşgär etmek üçin açykdygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Häzirki wagtda dokma senagaty dünýä boýunça şu ugurda Türkmenistanyň öňdebaryjy hatarda durýandygyny görkezýär. Bu serginiň geçirilmegi Türkmenistanyň syýasatynda daşary ýurt kompaniýalary we firmalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny görkezýän subutnamalaryň biridir.
Sergä dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň onlarçasy gatnaşdy, olara özleriniň täze işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalaryny görkezmäge hem-de marketing, menejment we moda boýunça tekliplerini hödürlemäge mümkinçilik döredildi. Sergä yzygiderli gatnaşýanlaryň arasynda öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän türkiýeli hyzmatdaşlar – desgalaryň potratçylary “Kotam Enterpaýzis”, “Engin grupp”, “Norsel International”, “Gap Inşaat”, “Linkway Inwestments”, şeýle hem enjamlary, barlag-ölçeg ulgamlaryny we dokma senagatynda ulanylýan reňkleri öndürýän “Trutzsсhler”, “Saurer Schlafhorst”, “Volkmann” (Germaniýa), “Savio”, “Marzoli” (Italiýa), “Picanol”, “Le Clair&Meert” (Belgiýa), “Rieter”, “Uster Technologies AG”, “Bezema” (Şweýsariýa), “Sartex” (Türkiýe) kompaniýalary we beýlekiler bar.
Häzirki wagtda ählumumy bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde halkara ykdysady gatnaşyklary pudagy innowasiýa taýdan sazlaşykly ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen hünärmenleriniň dört ýylda bir gezek geçirilýän Dokma enjamlarynyň halkara sergisiniň (ITMA) işine gatnaşmagy ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilýändigini aýdyň görkezýän mysaldyr. 2011-nji ýylda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen nobatdaky tehnologik serginiň netijeleri boýunça biziň ýurdumyz üçin ýörite işlenip taýýarlanan ýokary öndürijilikli täze enjamlary gös-göni getirmek barada üstünlikli gepleşikler geçirildi.
Aşgabatda dokma senagaty boýunça geçirilen şu uly möçberli sergi şol netijeli hyzmatdaşlygyň oňat miwe berýändigini äşgär etdi. Önümiň täze görnüşleriniň işlenip taýýarlanmagynyň özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzdan sergä gatnaşýan önüm öndürijileriň sany ýylsaýyn artýar. Göwnejaý bezelen ýerlerde ýokary hilli elin ýüplügiň dürli görnüşleri, şol sanda köp öwüşginli ajaýyp nah, garyşyk we ýüpek matalar, elin keteni we elde taýýarlanan alaja daşary ýurtly myhmanlary we sergä gelenleri haýran galdyrdy. Ýurdumyzyň dokma senagatynda öňdebaryjy tikinçilik we trikotaž kärhanalary – Gökdepäniň, Gypjagyň, Baýramalynyň, Baharlynyň, paýtagtymyzyň dokma toplumlary, Ruhabadyň jinsy toplumy, şeýle hem “Ahal”, “Bahar”, Marynyň “Ýeňiş” tikinçilik fabrikleri, Aşgabadyň modalar öýi, ýüpekçilik kärhanalary köp ugurly tikin, örüji we beýleki goşmaça stanoklary we maşynlary ulanmak arkaly taýýarlanan ýokary hilli we özboluşly bezegli dürli görnüşdäki taýyn önümleri görkezdiler.
Üç günläp dowam eden pudaklaýyn sergide oňa gatnaşanlara ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşdäki dokma önümlerini, şol sanda gönden taýýarlanan harytlary, öňdebaryjy tehnologik enjamlary görkezmek bilen çäklenmän, innowasiýalar we önümçilik boýunça toplanan tejribäni alyşmaga hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi.
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma pudagy ösüşiň täze tapgyrynda” atly ylmy maslahatyň geçirilmegi forumyň möhüm ähmiýetli wakasyna öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň we Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň hünärmenleri, işewürleri we hususy telekeçileri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagat ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlary we talyplary çagyryldy.
Ýigrimä golaý çykyşlar we tanyşdyrylyşy çäreleri önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we ykdysady taýdan täze netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirki döwürde dokma senagatyndaky ýagdaýlar, daşarky bazarda türkmen dokma önümlerini ýerlemek, halylary senagat taýdan öndürmek, işgärleri taýýarlamak ýaly, pudak üçin möhüm ähmiýetli meselelere bagyşlandy.
Türkmenistanyň dokma senagatynda giň gerimli wezipeleriň öňde goýulmagynyň we bu pudagy mundan beýläk-de batly depginler bilen ösdürmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleri bolmagynyň daşary ýurtlaryň işewür toparlarynda ygtybarly we işe jogapkärli çemeleşýän hyzmatdaşlar hökmünde özüni tanadan türkmen önüm öndürijileri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi.
Geçen 2013-nji ýylda dokma kärhanalarynda 105 müň tonna golaý ýüplük, 175 million inedördül metr matalar, 275,5 million manatlyk taýyn önümler öndürilip, öňki ýyldakysy bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 109 göterime barabar derejä ýetirildi. Pudagyň serişdeler babatda we ykdysady taýdan örän uly mümkinçiliklere eýe bolmagy, innowasion tehnologiýalaryň ugur edinilmegi, özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisi üçin uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin oňaýly ýagdaýyň döredilmegi ýurdumyzda ýokary hilli çig malyň has köp möçberde işlenip taýýarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berýär.
Şundan ugur alnyp ykdysady forumda täze, 2013-nji ýylda işlenip taýýarlanan, egriji we dokma önümçiligi üçin niýetlenen enjamlar – has kämilleşdirilen, üznüksiz işleýän awtomatiki liniýalar, stanoklar we goşmaça komponentler bilen tanyşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Çig maly, energiýany tygşytlamak arkaly ýokary öndirijilik, stanoklary we maşynlary kiçeňräk meýdançada amatly ýerleşdirmäge mümkinçilik döretmek şular ýaly enjamlaryň esasy artykmaç taraplary bolup durýar.
Pudaklaýyn serginiň işlän döwründe ony pudagyň müňlerçe hünärmenleri, telekeçiler, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary synladylar.
Şeýlelikde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma pudagy ösüşiň täze tapgyrynda” atly halkara sergi we maslahat daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň, dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler.
Forumyň ýapylyş dabarasynda sergä we maslahata gatnaşyjylara diplomlar we degişli sertifikatlar gowşuryldy.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda Türkmenistanyň dokma pudagynyň gazananlaryna we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan serginiň we ylmy maslahatyň üstünlikli geçirilmegine ýardam edilendigi we goldaw berilendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.