Ï Işleriň ýokary depginleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Işleriň ýokary depginleri

view-icon 777
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda TNGIZT işlenilip taýýarlanylýan benzin komponentlerini kabul etmek üçin we olardan tabşyrylan aýratynlykly awtobenzinleri almak üçin aralyk rezerwuar parkly benzinleri garýan enjam gurulýar.

Inženerçilik desgalar bilen bir hatarda benzinleri garýan önümçilik-tehniki gurluş enjamy gurulýar. Transformator podstansiýasyny we operatoryň gurluşygy üçin bölünip berlen meýdanda gurluşyk armaturalarynyň boýy galdyrylýar – direg sütünlerini gurmak üçin agaçdan taýýarlanan galyplar taýýarlanylýar. Iki gatly dolandyryş-durmuş jaýynyň we bir gatly mehaniki ussahanasynyň jaýynyň düýbüniň tutuljak ýerinde tekizleýiş we ýer işleri geçirilýär, çukuryny gazmak we çagyl binýady taýýarlanylýar.

Gurluşykçylaryň esasy güýji rezerwuar gurluşygynyň zolagyna gönükdirilendir. Gelip gowşan her biri bäş kub bolan demir rezerwuarlaryň ýedisi beton guýlup taýýarlanan binýatlarda ýerleşdirilýär. Olaryň ikisiniň gurnama işleri eýýäm tamamlandy diýen ýaly, üçünjisinde işleriň elli göterimi ýerine ýetirildi, galan rezerwuarlar taýýarlygyň dürli derejelerinde durlar.

Ammarlar nebit önümleriniň bugarmasy netijesinde ýitgileri azaldýan ýeňil garyndylary sorup alýan enjamlar bilen üpjün edilýär. Rezerwuarlaryň germetiklikligine, şeýle hem sifon kranlarynyň, zadwižkalaryň we rezerwuarlary birikdirýän turba geçirijilerdäki beýleki ildirgiç armaturalari hem has takyk datçiklerň kömegi bilen gözegçilik amala aşyrylar.

Benzinleri garýan enjamyň iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi, serişde tygşytlaýjy enjamlaryň ornaşdyrlmagy gurulýan desga bildirilýän ekoloiýa howsuzlygynyň gürrüňsiz berjaý edilmegini üpjün edýär, howa ýaýraýan benzin buglaryny aňrybaş azaltmak arkaly onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirini doly sazlaşdyrýar..

Tehnologiki işler elektron dolandyryş ulgamyny ulanmak arkaly doly awtomatlaşdyrylar. Bu innowasion enjamlaryň awtomobil benzinlerini taýýarlamagyň öňki tehnologiýalaryndan tapawutly tarapydyr. Könelen usul TNGIZT benzin serişdelerini netijeli pedalanylmagyny we awtomobil ýangyjynyň ýokary hillililigini we san görkezijilerini bökdeýär.

Benzinleri garýan innowasion tehnologiýalaryň gurluşygy ýokary hilli awtomobil ýangyjyny ösýän talaplara laýyk işläp taýýalamaga mümkinçilik berer.