Dokma senagaty – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Onuň kärhanalarynda 30 müň töweregi adam işleýär. Bu ýerde isleg bildirlýän ekspota niýetlenen önümler öndürilýär. Bu bolsa innowasion ösüşlere geçmegiň, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, häzirki zaman önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň we döretmegiň netijesidir.
Pudagyň 75 kärhanasynyň 32-si iri dokma toplumydyr. Olar tikin fabriginiň 17 özüne birikdirýän pagta egriji we dokma önümçilikleridir. Olar diňe bir ikdysady iş görnüşi boýunça özara baglanyşykly bolman, eýsem olar bütewi tehnologiki zynjyrda durýandyrlar. Kärhanalaryň ählisi türkmen pagtasyny gaýtadan işlemegiň hasabyna işleýärler hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Şu ýyl pagta egriji fabrikler Türkmenabatda we Seýdi şäherinde ulanmaga berildi.Täze gurluşygyň we öňki işleýän fabrikleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de tehniki taýdan üpjün etmek işlerini türkiýäniň “Norsel” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Seýdiniň pagta egriji fabrigi her ýylda pagta süýmüniň 6 müň 700 tonnasyny gaýtadan işlär we nah ýüplügiň 6 müň tonnasyny eksporta öndürer. Durky doly täzelenen Türkmenabadyň nah ýüplük fabrigi ýylda 4 müň 500 tonna pagta süýmüni gaýtadan işlemäge we nah mata ýüplüginiň 4 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Zerurlyk ýagdaýyna görä, pudagyň kärhanalarynda önümçilik depginlerini peseltmezden, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmagy we işçileriň zähmet şertleriniň gowlandyrylmagyny beýan edýän toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak geçirilýär. Pudagyň kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.
Şu ýyl öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Aşgabadyň Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumyny bölekleýin döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.Bu ýerde ýorgan-düşek daşlyklar toplumy we taýýar tikin-trikota önümleri öndürilýär. Pnewmoegriji maşynlaryň sekizsi sökülip aýrylar we täze tehnika oturdylar. Bu enjam ýumşadyjy-tüýdüji agregatyny we 4 sany «Trützschler» (Germaniýa) kardodaraýjy, 4 sany «Rieter» pnewmoegriji (Şweýsariýa) we 2 sany «Intersoland» guradyjy kopressor toplumy döwrebaplaşdyrmak üçindir.
Şeýle hem Türkmenbaşy adyndaky jinsi toplumynda tehnologiki enjamlary çalyşmak bilen, bölekleýin döwrebaplaşdyrmagy geçirmek göz öňünde tutulýar. Onda bar bolan boş meýdançalarda gurluşyk işlerini geçirmesizden germaniýada öndürilen ýüplük, kolseegriji we saraýjy maşynlaryny otutmak meýilleşdirilýär. Döwrebaplaşdyrmagyň netijesinde her aýda goşmaça 150 tonna Ring nah ýüplügini öndürmäge mümkinçilik bolar.
Nah ýüplügini, aşgarlanmadyk we reňklenen trikotaž polotnolaryny taýýar trikotaž önümlerini öndürýän Gökdepänyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma kombinatynda tehnologiki enjamlary çalyşmak bilen, bölekleýin döwrebaplaşdyrmak geçirildi. Dokma kombinatynyň egriji önümçiliginde täze maşynlar : 8 sany örüji, 3 sany tekiz örüji we hil barlaýan maşynlar oturdyldy. Reňkleýji we tikin önümçiliginde bolsa tehnologiki enjamlaryň ählisi täzeleri bilen çalşyldy. Kombinatyň kömekçi gulluklary bolan bug gazany, kompressor we arassalaýyş desgalynyň hem durky doly täzelenildi. Kombinat 1995-nji ýylda ulanylmaga berildi we 19 ýylyň dowamynda üç çalşyk esasynda üznüksiz işläp gelýär.
1995-nji ýylda açylan Baharlynyň pagta egriji fabriginde 2013-nji ýylda täzeden enjamlaşdyrmak boýunça işler geçirildi. Şol ýylyň özünde Kakanyň “Serdar” pagta egriji fabriginde bölekleýin döwrebaplaşdyrmak geçirildi.
Marynyň dokma fabriginde 2013-nji ýylda türkiýede öndürilen nah ýüplük, guradyjy maşyn we suwy ýumşadýan ulgam ýaly täze enjamlar oturdyldy. Munuň netijesinde bolsa kärhanada öndürilýän önümleriň (nah örtgüçler we ýumşak süpüdgüçler) hili ýokarlandy.
Garylan matadan erkek adamlaryň, aýallaryň we çagalaryň köýneklerini öndürýän Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen “Ýeňiş” fabriginde 2013-nji ýylyň ikinji ýarymynda tikin tehnologiki işi bölekleýin täzeden enjamlaşdyrma işleri geçirildi.
Şeýle hem 2013-nji ýylda Daşoguzyň “Çeper” tikin fabriginde hem tehniki taýdan toplumlaýyn enjamlaşdyrmak geçirildi. Bu kärhana mekdep okuwçylarynyň, formaly we ýörite, tomusky eşikleri öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Fabrigiň önümçilik bölümleriniň ählisi üçin – taýýarlaýyş, biçim we tikin enjamlary getirildi.
Halkara talaplaryna laýyk gelýän taýýar önümleriň hilini gowlandyrmak üçin 2013-nji ýylda Gypjakdaky “Gap-Türkmen” kärhanasynyň tehnologiki binýadyny täzelemek boýunça işler geçirildi. Onuň çäklerinde JUKI ýapon firmasynyň we türkiýäniň binäçe kompaniýalarynyň tikin enjamlary getirildi. Bu toplumda fabrik 100% pagta süýmünden ýüplükden başlap, dürli hilli, reňkli jinsi matalaryna çenli we taýýar önümleriniň – erkek we aýal adamlaryň üstki eşiklerini hem-de dürli ýaşdaky çagalara niýetlenen geýimleri öndürýär.