Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 752
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, uçar kerosinini, binýatlyk ýagy, arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit koksuny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, pagta süýümi, şeýle hem ýük awtoulagy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Beliz, Owganystan.

Geleşikleriň umumy möçberi ABŞ-nyň 100 million 978 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Kiprden gelen telekeçiler umumy bahasy 5 million 125 müň manatlykdan gowrak süýji-köke önümlerini, arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, garaköli ýüňini, gaýtadan işlenilen süýümi satyn aldylar.