Balkan welaýatynyň gallaçylary ýygnalan hasyly Serdar we Bereket etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” DB kabul ediş nokatlaryna iberýärler. Sazlaşykly ýola goýlan galla oragy oňa gatnaşyjylaryň ählisini – däne orujy kombaýnlaryň mehanizatorlaryny, ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini degişli işler bilen üpüjn edýär.
Ýurduň günbatar sebtinde bugdaý Garagum derýasynyň zolagynda ýerleşýän Serdar etrabynda (36 müň gektar) we Berket etrabynda (30 müň gektar) ekilýär. Meselem, Bereket etrabynda galla oragynda galla orujy kombýnlaryň 65-si işleýär, ýygnalan hasyly daşamakda sürüjileri şertnama esasynda işleýän ýük daşaýjy kuwwatly MAZ, KamAZ, MAN kysymly ulaglaryň 200-den gowragy işleýär. Şunlukda her bir iş sagady tygşytly ulanylyp, oba hojalyk maşynlaryň ählisiniň öndürijilikli işlemekleri gazanylýar. Serdar etrabyndaky däne saklanylýan ammar 50 müň tonna bugdaýy kabul edýär, hasylyň kabul edilşi bolsa doly mehanizimleşdirilendir. Elewatora gije-gündüziň dowamynda ammaryň üstüni ýetirp durar ýaly gara we demir ýollary çekilendir.