Ï Häzirki zaman tehnologiýalary boýunça demir gurluşlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki zaman tehnologiýalary boýunça demir gurluşlar

view-icon 1308
«Bagtyýar döwür» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti galwanizirlenen demir gurluşlary öndürer. Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” paýdarlar jemgyýeti we “Alyn” hususy kärhanasy bu täze önümçilik gurluşa paýdarlar hukugynda girer.

Soňky ýyllarda bu telekeçilik gurluşy durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna işjeň gatbaşýar. Derweze etrabynda telekeçiler 1200 okuwçy orunlyk umumy bilim berýän mekdebiň gurluşygyny tamamlap barýarlar, Gökdepe şäherinde bolsa 250 orunlyk sport mekdebiniň gurluşygyny tamamlap barýarlar. Mundan hem başga, hebit maşyngurluşyk zawodynda sehi kärendesine almak bilen, “Alyn” eýýäm dört ýyl bäri dürli gurluşyk kärhanalaryň we kompaniýalaryň buýurmasy esasynda demirgurluşyň önümçiligini alyp barýar.

Telekeçilerde ÝGPJ döredilmegi bilen, Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen bilelikde ýaşaýyş jaý we ýol gurluşygynda, energetikada, maşyngurluşygynda we beýleki pudaklarda ulanylýan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutjak ygtybarly we berk gurluşlaryň giň görnüşli önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik döredi.

Ýurduň çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýeti üçin şular ýaly önümleriň zerurlygy örän ýokarydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda galwanizirlenen demir gurluşlar köp mukdarda daşary ýurtlarda satyn alynýar.

Türkiýäniň “Politehnik” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanan taslama boýunça ýurduň bu kärhanasy içerki bazaryň zerurlygyny doly üpjün edip biler. Ýerli çig mal binýadyny – “Maryazot” kärhanasynyň himikatlaryny – ulanmak bilen, arzan bahaly ýewropa hilli önümi öndürmek göz öňünde tutulýar. Taslamada görkezilen gyzgyn sinklemek tehnologiýasy yşyklandyryjylar üçin sekiz gyraňly sütünleriniň ýylda 15 müňüsini, köçe barýerleriniň 1000 kilometr töweregini we burçly söýgetleriniň 18 müň sanysyny öndürýän önümçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berer. Mundan hem başga, paýdarlar kömekçi ugurlarda gurluşyklar üçin goşma detallaryň galwanizasiýasyny, demirden ýasalan önümleri nikelleşdirmek we hromlaşdyrmak göz öňünde tutýarlar. Öndürilen önümleriň umumy bahasy ýylda 300 million manatdan hem gowrak bolar. Täze kärhanada 300 iş oruny dörär, demirgurluşlaryň galwanizasiýasy boýunça himiki işleriň howpsuzlygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän ugurlaryň birnäçesi açylar.