Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji iýunda gol çeken Kararynyň ähmiýetini teswirläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ähli ulgamlarda toplumlaýyn, giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetli döwleti kemala getirmäge gönükdirilen ugra gyşarnyksyz eýerýändigini nygtamalydyrys. Şol Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Kagyz önümçilik toplumyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hilli alýumin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde ýerlemek bellenildi. Özgertmeleri amala aşyrmagyň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman “türkmen nusgasy” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen yzygiderli, tapgyrlaýyn özgertmeler ýörelgelerine we strategiýasyna esaslanýar.
Milli Liderimiziň öňe süren ykdysady ösüşiň täze nusgasynda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalaryň we dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini, hususy telekeçiligiň giňden goldanylmagyny göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, senagat önümçiligini has-da ösdürmek üçin hususy telekeçileriň kuwwatyny çekmek ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, häzirki döwür ýurdumyzyň telekeçiliginiň kuwwatyny artdyrmagyň we ulanmagyň, işewürlerimiziň ukyplaryny doly açmak üçin olara ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň döwrüdir.
Döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döredilýän milli kanunçylyk binýady ykdysadyýetiň hususy böleginiň döwletimiz bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyna uly möçberdäki maýa serişdelerini çekmäge hem-de durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Maýa goýumlaryny çekmekde, şeýle hem eýeçilikleriň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler möhüm orna eýedir. Şu babatda “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 – 2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” we şol döwür üçin degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň, şeýle hem döwlet emlägini döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak barada Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemelidiris. Haryt öndürijileriň bazarynda bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmakda telekeçilere ýeňillikli karz bermegiň maksatnamasynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtamalydyrys. Şunuň netijesinde önümçiligi giňeltmek maksady bilen, has üstünlikli we netijeli işleýän hususy kärhanalara döwlet tarapyndan goldaw berilýär.
Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryny has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kagyz önümçilik toplumynyň türkmen işewürliginiň wekillerine ýerlenilmegi hakyndaky şeýle möhüm çözgüdiň kabul edilmegi hususylaşdyrmagy geçirmegiň çäklerinde nobatdaky wajyp ädimdir. Munuň özi senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň hususy telekeçiligini okgunly ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär. Bu bolsa türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder.