Ï Aşgabatda “KIA-HYUNDAI” söwda-hyzmat ediş merkezi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “KIA-HYUNDAI” söwda-hyzmat ediş merkezi açyldy

view-icon 1168
Şu gün türkmen paýtagtynda Koreýa Respublikasynyň awtomobil gurluşygy senagatynyň öňbaşçy kärhanasynyň “KIA-HYUNDAI” söwda-hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Awtomobil merkeziniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary mynasybetli Aşgabada gelen Koreýanyň wekiliýetiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, bu merkeziň işe girizilmegi üstünlikli ösýän türkmen-koreý işewür hyzmatdaşlygynyň, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynyň dürli ugurlarynda özleriniň gatnaşmagyny giňeltmäge artýan gyzyklanmasynyň nobatdaky mysalydyr.


Aşgabadyň günorta-gündogar böleginde Oguzhan köçesinde ýerleşen täze merkez halkara ülňülerine we wezipesi hem-de üpjünçiligi bilen bu ulgamda soňky gazanylanlara kybap gelýär.

Täze awtomerkezde “Hyundai” we “Kia” awtomobilleriniň ähli kysymlary görkezilýär. Müşderilere awtomobil satyn almagyň hyzmatlarynyň doly toplumy: ätiýaçlandyrma, karzlaşdyrmak we beýlekiler hödürlenýär.

Söwda-hyzmat ediş merkeziniň binasy özboluşlylygy bilen döwrüň iň täze işläp taýýarlamalaryny utgaşdyrýar, yşyklandyrylyşy bolsa onuň özboluşlylygyny has-da artdyrýar.

Häzirki zaman anyklaýyş enjamlary awtomobillere hyzmat etmek boýunça işleriň islendik görnüşlerini: kepillendiriş taýdan, kepillendirmeden soňky abatlamagy, goşmaça enjamlary oturtmagy, şeýle hem ýörite hyzmat ediş maksatnamalary boýunça hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň tehniki taýdan üpjünçiligi bir wagtyň özünde awtomobilleriň 20-ä golaýyny abatlamaga niýetlenendir.


Söwda-hyzmat ediş merkeziniň umumy meýdany 1,8 gektara barabardyr. Bu ýerde söwda we hyzmat ediş jaýlaryndan başga awtomobil ýuwulýan ýer hem bar. Bu ýerde awtomobiliň reňk örtügine has oňat çemeleşmäge we ýokary hilli maddalary hem-de döwrebap serişdelerden taýýarlanan abzallary ulanmagyň hasabyna hapany has oňat aýyrýan innowasion tehnologiýalar her günde awtomobilleriň 130-a golaýyna hyzmat etmäge ýardam berýär.

Mundan başga-da bu ýerde daşky gurşawy goramak barada hem alada edilipdir. Türkmenistanda ilkinji gezek şular ýaly desgada dikeltmek we arassalamak ulgamy ulanyldy. Awtomobil ýuwlanda peýdalanylýan serişdeleriň garylan möçberleri bilen ulanylan suw gaýtadan işlenilýär, munuň özi ony 80 gezege çenli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Koreýadan getirilen ulaglaryň amatlylygyna eýýäm awtomobil söýüjiler hem, paýtagtymyzyň şäher ugurlarynyň ýolagçylary hem mynasyp baha berdiler.

Paýtagtymyzyň awtobus hem-de taksi parklarynyň “Hyundai” awtomobilleri bilen yzygiderli üstüniň ýetirilip durulmagy şäher boýunça has oňaýly hereket etmäge mümkinçilik berýär, şäherimiz bolsa soňky wagtlarda öz çäklerini has giňeltdi—täze ýaşaýyş jaý toplumlary we edara ediş toplumlary gurulýar, täze şaýollar we köçeler peýda bolýar.

Awtomobil ulagynyň, şol sanda ýolagçy awtomobilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de giňeltmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak pudagy ösdürmegiň strategiýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Iş tejribesiniň görkezişi ýaly, bütin dünýä meşhur kysymdaky bu awtomobillere ýurdumyzda uly isleg bildirilýär. Kada bolşy ýaly, adamlar hemişe hile uly üns berýärler, Koreýanyň kompaniýalarynyň önümleri bolsa ähli ölçegleri boýunça ýokary halkara ülňülerine gabat gelýär.


Ulanmaga berlen “KIA-HYUNDAI” söwda-hyzmat ediş merkezi paýtagtymyzyň awtomobil-ulag düzüminiň nobatdaky desgasydyr, onuň gurluşygynda diňe bir gurluşyk häsiýetnamalaryny däl, eýsem, seýsmiki taýdan durnuklylygyny nazara almak bilen aýratyn mäkäm serişdeleri peýdalanmak arkaly iň häzirki zaman we öňdebaryjy tehnologiýa çözgütleri öz beýanyny tapdy.

Täze merkez ulag düzümleriniň desgalaryny gurmaga ýurdumyzda bildirilýän aýratyn talaplara kybap gelýär, şolaryň gurluşygynda potratçylar tarapyndan halkara ülňülerine laýyk gelýän ähli tehnologiýa kadalaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanýar.

Şeýlelikde, Aşgabadyň kemala gelýän täze keşbi ähli babatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan döredijilik we ösüş ruhuna gabat häsiýetleri özünde jemläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýokary derejesine ähli babatda laýyk gelmelidir.

Bu babatda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hem, tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda hem aýrylmaz ýörelge bolan adamlaryň durmuşy üçin örän amatly şertleriň döredilmegi esasy ölçeg bolup durýar. Aşgabatda gurulýan häzirki zaman desgalarynyň hemmesi bu ýörelgä kybap gelýär, olar şäheriň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşýar, şäherimizi has-da gözelleşdirýär.

Dabaranyň barşynda döredijilik toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary boldy, olaryň ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.