Ï Lebap unyny ibermegiň täze salgysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap unyny ibermegiň täze salgysy

view-icon 739
Türkmenabat şäherindäki iň häzirki zaman un kärhanasy geçen ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berildi. Bu günki gün ol ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Ispaniýanyň öňde baryjy tehnologiýalaryny we iň täze enjamlaryny ulanmak bilen, önümçilik kuwwatyny barha artdyrýar.



Bu ýerden un ulaglar we wagonlar arkaly ýurduň ähli nokatlaryna ugradylýar. Soňky onlarça ýyllaryň dowamynda welaýatda öndürilen bugdaýyň möçberi 7 esse artdy we geçen ýyl 350 müň tonnadan geçdi. Şu ýylyň bahar paslynda hem Lebabyň iri un kärhanasynyň işgärleri Owganystanyň husuy kärhanalaryna Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen birinji görnüşli önümiň bir müň tonnadan hem gowragyny iberdiler.