Ï Wulkan jisimlerinden berk süým
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wulkan jisimlerinden berk süým

view-icon 865
Uniwersal fiziki-tehniki we himiki aýratynlykly ýylylyk geçirmeýän we kömpozit önüleriniň önümçiligi üçin bazalt süýümi golaý ýyllarda ýurtdaky çig mallarda öndüriler. Balkan welaýatyndaky ýataklarda ýüze çykarylan dag jynyslaryndan taýýarlanan örän ýuka süýmüň tejribe nusgalaryny “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň hünärmenleri görkezdiler. Bu nusgalar “Trem” (Zelenogorsk şäheri) aýna gaýnadýan kärhanasynyň barlahanasynda bazalt çig malynyň geçirilen synaglarynyň dowamynda alyndy. Filýer enjamyny ulanmak bilen türkmen daşlsrynyň dürli görnüşlerini eretmek arkaly bu ýerde adatdan daşary berk örän inçe sapak aslyndy. Ol dürli kompozit we ýylylyk geçirmeýän gurluşyk materiallaryny taýýarlamakda ulanylyp biliner.

Häzirki wagtda hünärmenler ýurdumyzdaky çig mallardan öndürilýän täze önümi öndürjek zawodlaryň gurluşygy üçin tehniki-ykdysady esaslaryny we taslama resminamalaryny işläp taýýarllaýarlar.

Süýmüň özi we ondan taýýarlanýan önüm material hökmünde dürli görnüşliligi bilen haýran galdyrýar. Önümiň görnüşlerinde dürli görnüşdäki syklykdaky tikme boýra görnüşdäki, galyňlygy 5 millimetrden 30 millimetre çenli bolan karton görnüşindäki, ýarym gaty we gaty plitalar, turba geçirijiler üçin “gabyklar”, hatda üznüksiz bazalt süýmünden taýýarlanan matany görkezelip biliner. Bazalt süýümlerinden demir önümleriň ornuny tutjak armaturalary, şwellerleri, balkalary öndürip bolar. Ruhabadyň turba zawodynda bu süým turba öndürilýän steklotkanyň ýerini doly tutup biler. Ýol gurluşygynda bu süýümden taýýarlanylýan gözenekler asfalt örtükleriniň berkligini bernäçe esse ýokarlandyrýar.

“Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň geologlary saýlama synaglaryny geçirdiler, göz ýetirmek üçin görkezilýän tehnologiki reglamentiň nusgalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda jynslaryň temperatura häsiýetini, şepbeşikligini, olaryň himiki düzümini we beýleki aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan häsiýetlerini öwrendiler. Soňra aýna gaýnadylýan barlaghanada Hazaryň kenaryndan Tüwergyr dag sebtinden, şeýle hem Badhyzdan we Serhetabatdan saýlanyp alynan magmatiki jynslar dürli synaglardan geçirildi. Häzirki wagtda ýurtdaky çig mallar gowy öwrenildi, ony gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Synaglarda filýer enjamynyň we aýlanyp duran barabanyň kömegi bilen gaz peçlerinde 1300-1400 gyzgynlyk derjede eredilen bazalt çig maly gözüň alnynda ot ergininden adatdan daşary ýuka, ýöne örän berk sapaga öwrülýär.

Nebitgaz pudagynyň geologlarynyň we hünärmenleriniň ýurtdaky gaza we elektrik energiýasyna bar bolan nyrhlary nazara almak bilen, bazalt süýmüniniň önümçiligi boýunça öňünden taýýarlan işläp taýýarlamalary bazalt üznüksiz süýmüniň (BÜS) nyrhynyň dünýä nyrhlarynda epesli azdygyny belläp geçmelidiris.

Bu taslamamnyň amala aşyrylmagy gyzgynlyk geçirmeýän önümleri daşary ýurtlardan getirilmegini bes etmäge hem-de köp möçberde pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda ýylylyk geçirmeýän önümlerini öndürmek üçin çig malynyň ýurtda ýeterlik derejede bardygyna garamazdan, olar doly babatda daşary ýurtlardan getirillýär.

Biziň ýurdumyzda ýylylygy geçirmeýän önümler nebitgaz pudagynda, nebit geçirijilerinde, turba önümçiliginde, ýollary çekmekde örän zerurdyr. Uzak wagtlap ulanyp bolýandygy, onuň ýagdaýynyň durnuklylygy – ine bazalt süýmüniň ýene-de bir adatdan daşary mohüm aýratynlyklary şulardan ybaratdyr. Bu aýratynlyklarynyň özara sazlaşmagy netijesinde BS önümleri ýurduň dürli senagat pudaklarynda ulanmakda gelejegi ulydyr. Ýurduň ýylylyk geçirmeýän önümlerine bolan talaby ýylda ýüz müňlerçe inedördül metrdir. Özi hem, bazaltdan taýýarlanýan önümleriniň önümçiligi üçin çig mal binýady örän ulydyr we giňdir. Ýerli çig malyň ulanylmagy senagat gurluşygyny, ýol gurluşygyny, energetikany we beýleki pudaklaryň zerurlyklaryny ýylyk geçirmeýän we kompozit önümleri bilen doly derjede üpjün eder.