Ï Täze kärhanalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze kärhanalar

view-icon 1181
Şu gün Derweze etrabynda ýokumly goşundylar bilen baýlaşdyrylan iýmleri öndürýän kärhananyň dabaraly açylyşy boldy.

Täze kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 30 müň tonna deňdir. Bu döwrebap desgada Hytaý Halk Respublikasynyň «MUÝANG» kompaniýasynyň häzirki zaman enjamy oturdylyp, ýokumly iýmleriň üç görnüşi — iri şahly mallar, dowarlar, guşlar üçin öndürilýär. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek «Logolo» görnüşli iým düzüminiň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylan iým garyndysyny öndürmek ýola goýuldy. Täze kärhanada 60 iş orny döredildi.

Şol gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Köpetdag» daýhan birleşiginde, ýurdumyzyň hususy kärhanasy tarapyndan miwe şirelerini öndürmek boýunça kärhananyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara boldy.

Bu senagat desgasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň bazarlarynda döwletimiziň haryt öndürijileriniň taýýarlaýan önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu kärhananyň önümçilik bölümleri döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir, bular Şwesiýanyň «Tetra-Pak» innowasion tehnologiýasy esasynda işleýär. Bu ýerde ýylda ekologiýa taýdan arassa, ýokumly «8-ÝAP» miwe şireleriniň 10-a golaý görnüşiniň 2 million dekalitrini öndürmek göz öňünde tutulýar. Geljekde miweleriň şireleriniň öndürilýän görnüşlerini 25-e çenli artdyrmak niýet edinilýär. Ýurdumyzda miwelerden öndürilýän «8-ÝAP» görnüşli şireleri babatda alyjylar tarapyndan uly isleg bildiriljekdigine söz ýok.

Umuman alanyňda, täze kärhananyň, bu ýerde senagat taýdan öndürmek üçin bölünip berlen ýerlerde ekilen miweli baglaryň tutýan umumy meýdany 38 gektara barabardyr. Şu ýylyň baharynda alma agaçlarynyň dürli görnüşdäki 90 müň düýbi oturdyldy. Miweli baglara ideg etmekde damjalaýyn suwarmak usuly ulanylýar, agaç nahallary mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, haşal otlar aýrylýar we agaç nahallary zyýanly mör-möjeklerden goralýar. Geljekde bu meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglaryň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde bu kärhana bazarlarda diňe bir gaplanan däl-de, eýsem, ter görnüşindäki önümleriň bolçulygyny artdyrmaga ýardam berer.

Galyberse-de, «Köpetdag» daýhan birleşiginde miwe şirelerini öndürmek boýunça kärhananyň açylmagy bilen, täze iş orunlarynyň 100-e golaýy dörediler.