Ï Täze söwda merkezi halkyň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze söwda merkezi halkyň hyzmatynda

view-icon 1015
Şu gün paýtagtymyzdaky döwrebap söwda kärhanalarynyň sanawy täzeden gurlan «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» atly söwda merkeziniň hasabyna artdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna gurlan söwda we hyzmat ediş desgalary Oguzhan köçesini bezeýän täze bina öwrüldi.

Söwda merkeziniň keşbinde binagärlik boýunça milli ýörelgeler we häzirki döwürde gazanylanlar beýanyny tapýar. Bu ajaýyp görnüşdäki merkeze gelen ilkinji adamlar göwnaçyk ýagdaýda garşylandy. Mermer bilen örtülen we yşyklandyrylan giň zallar, eskalatorlar we liftler bu ýerde ýerleşýän köp sanly dükanlara barmak üçin alyjylara ähli şertleri göz öňünde tutmak arkaly gurnalypdyr. Söwda merkeziniň üç gatly binalary galereýalar arkaly özara baglanyşýar hem-de bu ýere gelen alyjylara tutuş bina boýunça aýlanmaga mümkinçilik döredýär, bu binanyň umumy meýdany bolsa 70 müň inedördül metrden gowrakdyr.

Söwda merkezinde şunuň ýaly merkezlere hökmany suratda mahsus bolan ýagdaýlar döredilipdir, bu ýerde giň tekjeli söwda zallary, çalt hasaplaşýan kassa enjamlary, ähli oňaýlyklary bolan edara jaýlary we göwrümli ammarlar bar. Söwda merkeziniň çäginde bu ýere gelýän köpsanly adamlar we bir ýarym müňden gowrak işgärler üçin ähli amatlyklar döredildi, tämizleýän kuwwatly enjamlaryň kömegi arkaly howanyň laýyk derejesi saklanar. Söwda merkezinde awtoulaglar üçin duralgalaryň ikisi bar.

Binanyň birinji gatynda azyk harytlarynyň dükanlary we kafe ýerleşýär. Diwarlardaky aýnaly uly panellerde dükana gireniňden, harytlaryň görnüşleri bilen tanyşmak we zerur bolan söwda merkezini tapmakda wagty tygşytlamak üçin mümkinçilik döredildi. Azyk harytlarynyň görnüşleri sarp ediş bazarynda bolçulygy döretmekde telekeçilige möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň wekilleri tarapyndan ilata teklip edilýän harytlaryň sanawy has-da artdy. Süýt, süýji, şöhlat önümlerini we ýarym fabrikatlary, alkogolsyz içgileri, miwe şirelerini, buzgaýmaklary, gaplanan önümleri öndürmek boýunça hususy önüm öndürijileriň paýynyň has-da artandygy aýdyň görünýär.

Merkeziň ýokary gatlarynda gündelik zerur bolan we uzak wagtlap ulanylýan, şol sanda ýurdumyzda öndürilen halylar we mebel, dokma we zergärçilik önümleri, egin-eşikler we aýakgap, matalar we çagalar üçin niýetlenen harytlar, parfýumeriýa we durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, kanselýariýe we galantereýa harytlary, durmuşda ulanylýan elektronika, gap-gaçlar we beýlekiler hödürlenilýär.

Bu ýerde hödürlenýän harytlaryň uly sanawyny mahabatlandyrmak üçin binanyň tutuş içinde äpet ekranlar goýlupdyr. Aýrylyp dakylýan ýörite bannerler, ýazgylar hem merkeziň çägine gelen satyn alyjylara harytlar we haryt öndürijiler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu merkeziň ulanmaga berilmegi paýtagtymyzda söwda we hyzmat ediş ulgamynyň kämilleşdirilýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr, bu merkez halkara ülňülerine laýyk gelmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetirilmegine gönükdirilen giň gerimli şäher gurluşygy syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýän nusga bolup durýar.