Ï Baýry kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýry kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy

view-icon 825
Marynyň ýüňi ilkinji gaýtadan işleýän fabriginde ýylda 4000 tona ýuwlan ýüňi öndürýän önümçilik bölümi gurulýar.

Bu günki gün gurluşygy alnyp barylýan meýdança anyk işler bilen gurşalyp alynda. Onda “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi bilen gurluşygy ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşan “Gün” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylar toparynyň hyzmaty ulydyr. Şertnama laýyklykda, bölüm iň häzirki zaman enjamalry bilen üpjün ediler. Bu ýerde gurnama işleri eýýäm alnyp barylýar. Içki we daşky inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek işleri umumy tamamlandy diýen ýaly.

Bu desganyň ulanmaga beriljek wagtyna häzirki zaman enjamlarynda işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak işleri hem tamamlanar. Şeýle hem potratçynyň serişdeleriniň hasabyna önümçilik bölüminiň ulanyşa berilenden soňra iki ýylyň dowamynda desgany ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek hem şertnamada göz öňünde tutulandyr.


Önümçilik toplumynyň esasyny düzýän nümçilik bölüminde kuwwatly binýatda üstüni ýapýan diregleriň ygtybarlylygyny üpjün edýän dokuz ýarym metre golaýan sütünleriň hatarlary emele geldi. Önümçiligiň düzülişi anyk görünýär – ýüňü gaýtadan işlemek üçin liniýalaryň ikisiniň bütin ugry görünýär. Olarda eýýäm Türkiýe Respublikasyndan getirilen häzirki zaman ýuwýan enjamlary gurnamak üçin düýbi taýýar edildi. Çepräkde bolsa - taýýar önümler üçin presleýän bölümli ammar, sortlaýjy jaýlar ýerleşýär. Ony gaplamak 200 kilogramlyk standart daňylara gaplamak göz öňünde tutulýar.Bu bölüme ýerasty demir ýoly çekilendir. Şeýlelikde, gelip gowuşýan ýig maly düşürmek we taýýar önümleri ibermek aňrybaş çözülendir.

Önümçilik bölümini golaý aýlarda ulanmaga tabşyrmak bellenildi. Şonuň üçin hem bu ýere işçi güýçleriniň we mehanizmleriň uly topary ýygnandy. Işler iki çalşykda alnyp barylýar. Bu ýerde her gije-gündizde ortaça 240-dan gowrak işçiler we hünärmenler zähmet çekýärler.

Dürli reagentleri we häzirki zaman enjamlaryny ulanmak bilen ýüňiň ilkinji gaýtadan işlenilşini ýokary netijede alyp barmak üçin suw köp mukdarda talap edilýär. Ony Mugap derýasyndan alynýan suw hem-de ony soňra üç derejeli arassalmak usuly bilen kuwwatlylygy 3 müň kubmetr bolan suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagy üpjün edilýär.

Taslamanyň awtorlary işçiler üçin täze önümçilikde sagdyn howpsuz şertler bilen üpjün etmäge uly üns beripdirler. Hususanda, önümçilik bölüminiň çäklerine oýun we sport meýdançaly gök zolak örän ýakyn ýerleşýär.

Täze häzirki zaman önümçiliginiň gurluşygy ýurtda, hususanda Murgap sebtinde, maldarçylygyň çat depginler bilen ösdürilmegi bilen şertlendirilendir. Umuman welaýat boýunça, eýeçiligiň ähli görnüşlerini goşmak bilen, dowarlaryň baş sany bäş milliondan hem geçýär. Şunlukda onuň bäşden bir böleginden gowragy ýurduň iň günortasynda ýerleşýän Serhetabat etrabyna degişlidir. Ol ýüňi senagat taýdan şzleşdirmek üçin çig maly esasy iberýän maldarçylyk hojalygy bolup durýar.