Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 1183
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny, pagta şrotyny we lintini satyn aldylar. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Kipr. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 400 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstrýiadan, Türkiýeden, Kiprden, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen işewürler jemi bahasy 17 million 600 müň manatlykdan gowrak bolan uly göwrümli ulag tehnikasyny, nah ýüplügi, pagta ýagyny, garaköli goýunlarynyň we geçiniň ýüňüni, pagta şrotyny hem-de beýlekileri satyn aldylar.