Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 790
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.

ýurt walýutasyna Russiýadan, Birlesen Arap Emirliklerinden gelen telekeciler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystandan geden täjirler bolsa suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna pagta-süýümi, pagta linti we beýlekiler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Türkiýe. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million 135 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen telekeçiler jemi 12 million manatlykdan gowrak ýük göterýän tehnikany, pagta ýagyny, köke-süýji önümlerini, nah ýüplügi, garaköli goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, jemi 2 million 400 müň manatlykdan gowrak möçberde azyklyk bugdaýy satyn aldylar.