Umumy meýdany 545 müň gektar bolan ýurduň gowaçaly meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Hatarara bejegileri, otag, mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny bermek işleri geçirillýär.
Ekin meýdanlarynyň ähli ýerlerinde ösümlikler üçin zyýansyz himiki serişdeleriň kömegi bilen ekinlere zyýan ýetiriji mör-möjekleriň garşysyna göreş işleri geçirilýär. Gerek bolan halatynda ösümlikleri biologiki taýdan goramak usuly ulanuylýar. Bu usulda zyýanly mör-möjekleri ýok edýän peýdaly mör-möjekler ekin meýdanlaryna göýberilýär. Altyngözlüje, trihogramma, gabrobrakon ýaly biologiki goragçylar ýurduň “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň we Oba hojalyk ministrliginiň biofabriklerinde hem-de biobarlaghanalarynda köpeldilýär.
Maý aýynyň başlarynda ekiş möwsümi tamamlanandan soňra, ähli çäreler gowaçanyň oňat hilli we doly boý alyp ösdürilmegine gönükdirildi.Gowaçaly meýdanlarda “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň yzyna kultiwator, pürküji we beýleki kömekçi tehnikalary tirkelen traktorlarynyň dört ýarym müňden gowragy işledilýär. Her günde 24 müň gektar ýtöweregi meýdanda ideg işleri geçirilýär.
Gowaça ýurduň dört welaýatynda – Mary welaýatynda 165 müň gektar, Ahal we Lebap welaýatlarynyň her birinde 120 müň gektar, Daşoguz welaýatynda 140 müň gektar meýdana gowaça ekildi.
Şu ýyl gögerişi, ir ýetişişi, süýmüniň ýokary hilliligi we çykymlygy boýunça tapawutlanýan gowaçanyň görnüşleriniň 13-si ekildi. Ýurduň dört sebtinde orta süýmli görnüşleriniň 10-sy, şol sanda “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S4727” we beýleki görnüşleri ekildi. Mary we Ahal welaýatlarynda gowaçanyň inçe süýümli görnüşleri bolan “Ýolöten-14”, “9871-I”, “Ýolöten-32” görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaçalar ideg etmek işleri tomsuň ahyryna çenli dowam eder, ondan soňra bolsa pagtaçylar hasyly ýygnamak işlerine girişerler.